Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy eýýamda bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar.
Üstünlikli tamamlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bolsa ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günleri milli bilim ulgamynda hem şanly wakalara beslendi. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynyň we maslahatlarynyň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Onda 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler, şol sanda ilkinji okuw sapagyny ýokary derejede we netijeli guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly wezipeler hem kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýip, biz — mugallymlara uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mundan beýlägem yhlasly zähmet çekeris. Ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Sülgün ANNAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.