Dark
Light
15.01.2026
6967547d64655121 scaled THE ASHGABAT TIMES

Sport meýletinçileriniň ýokary derejeli taýýarlygy

15.01.2026

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) tarapyndan geçirilýän AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherindäki “Olimpiýa” stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nasr” futbol toparynyň arasynda halkara derejeli futbol duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm wakalaryň biridir.

Duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, daşary ýurtly myhmanlar, wekiliýetler, eminler, türgenler hem-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen giň möçberli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy.

Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we futbol toparlary bilen işleşmek üçin daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat ýörite topar, şeýle hem media hyzmatlaryna ýardam berjek sport žurnalistikasy hünäriniň 15 sany talybyndan düzülen meýletinçi media topary döredildi. Umumy meýletinçilik işlerine ýokary okuw mekdebimiziň 50 sany mugallym jogapkär edilip bellenildi.

Meýletinçileri taýýarlamak boýunça ýörite okuw sapaklary 2026-njy ýylyň 13–22-nji ýanwary aralygynda geçiriler. Okuwlaryň dowamynda meýletinçileriň sport ýaryşlarynda orny, etiketi, tomaşaçylar bilen netijeli aragatnaşyk, hyzmat medeniýeti, howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek hem-de halkara sport protokoly boýunça giňişleýin maglumatlar öwrediler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

Leave a Reply

Your email address will not be published.

eyran kit THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy

Soňkylar Sport

“Barselonanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy

09.01.2026
Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselonanyň” garşydaşy belli boldy. Ýarym finalyň çäginde geçirilen Madrid derbisinde “Real Madrid” özüniň esasy bäsdeşleriniň biri bolan “Atletikony” 2-1
GitTop