Dark
Light
24.01.2026
cagalar ylgayan THE ASHGABAT TIMES

Çagalar bagy: bagtly çagalyk we sagdyn ösüş

22.01.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar bagy — bu her bir körpäniň şahsyýet hökmünde kemala gelýän ilkinji we iň möhüm jemgyýetçilik gurşawydyr. Bu ýerde çagalar dünýäni tanap bilmek, dostlaşmak we iň esasy zat — oýun oýnamak arkaly sagdyn ösýärler.

Çagalar bagynda irdenki maşklardan başlap, agşama çenli dowam edýän dürli çäreler çaganyň ruhy we fiziki taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Çagalyk döwründe hereket — bu sagdyn durmuş diýmekdir. Hereketli oýunlar diňe bir göwün açmak däl, eýsem, çaganyň bedeni üçin zerurlykdyr. Hereketli oýunlar (kowalaşmak, böküşmek, toparlaýyn oýunlar) çaganyň myşsalaryny berkidýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar we madda çalşygyny çaltlandyrýar. Yzygiderli hereketde bolýan çaganyň immun ulgamy güýçli bolup, ol dürli kesellere garşy durnukly bolýar. Hereketli oýunlar wagtynda çagalar ünsüni jemlemegi öwrenýär, çalt karar bermek ukyby ösýär, giňişligi seljermek ukyby kemala gelýär.

Toparlaýyn oýunlar çaga beýleki çagalar bilen aragatnaşyk gurmagy öwredýär. Oýun düzgünlerine boýun egmek, ýeňişi we ýeňlişi dogry kabul etmek, biri-biriňe kömek etmek ýaly häsiýetler hut şu ýerde kemala gelýär. Çaga oýun oýnan wagty lezzet alýar, sagdyn ösýär we dünýäni özleşdirýär. Hereketli oýunlar — bu sagdyn nesliň binýadydyr. Çagalar bagyndaky hereketli oýunlar diňe bir wagt geçirmek däl-de, eýsem, çaganyň geljekki durmuşyna goýulýan iň uly maýa goýumydyr. Şonuň üçin hem terbiýeçiler we ene-atalar çaganyň işjeň hereket etmegi, ylgap-oýnamagy üçin ähli şertleri döretmelidirler.

Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýanlyga, her pursatynyň many-mazmuna beslenýän terbiýe ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr. Biz hem şeýle buýsançly döwürde milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly we netijeli zähmet çekmäge, körpe nesillerimizi hakyky manysynda terbiýelemäge we sowat öwretmäge çalyşýarys.

Gülnahal IŞANKULYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

AI programmalar
Öňki taryh

AI programmalary ösüşi öňe sürülýär

yaslar taz kollaz 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop