dddb71cbce49ce2ec8d5b2058071d395 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen para-pauerliftingçilerimiz Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş dowam edýar

12.03.2024

Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) tamamlanan para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar. 

Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär. 

BAE-däki ýaryşa 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary guwandyryjy bolup, olar 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary gazandylar. 

Türkmen para-pauerliftingçilerimiziň Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi türgenleri, şol sanda paralimpiýa ugry boýunça hem ussatlary taýýarlamak üçin giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ipad air 2022 review colour THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aprel aýynyň soňuna çenli täze “iPad” çykar

1729714759 0 265 3112 2016 1920x0 80 0 0 47541744f2e6f2d4c4fd786b9fa991d8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýyň kömür şahtasynda adatdan daşary ýagdaý sebäpli bäş adam heläk boldy

Soňkylar Sport

Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025
Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

19.11.2025
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde
GitTop