27.01.2022 vystavka 3 THE ASHGABAT TIMES

Watan söýgüsi –berk synmaz galadyr!

09.05.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär.

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, gahrymançylyk görkezipdirler. Olaryň atlary türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýyllar geçýär, emma ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça gerçekleriň gahrymançylyklary, edermenlikleri, batyrlyklary, gaýduwsyzlyklary häzirki we geljekgi nesilleriň kalbynda hemişelik galýar. Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň şeýle hem mukaddes Watana gulluk etmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýar.

Watan – bu biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr, mertebämiz, ar-namysymyzdyr, onuň özeni hasaplanýan ene toprak bolsa mukaddeslikdir. Bu mukaddeslikleriň bizi kemala getişi ýaly, olary gözümiziň göreji ýaly goramaga borçludyrys. Watan – biziň her birimiz üçin elýetmez mertebe, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu günki gün türkmen halky ata-babalarymyzyň bize miras goýan, halallykdan galdyran eziz ýurduna guwanmaga, buýsanmaga haklydyr. Çünki, gara başlaryny orta goýup, mertlerçe goran är ýigitleriň tutan berk binýadyna hiç bir güýjüň täsir etmänligine taryh şaýatdyr. Merdana gerçeklerimiz sekiz asyra golaý wagtdan soň, asuda durmuş, parahat ýaşaýyş, ählumumy abadançylyk üçin ençeme söweşlerde gara başlaryny gurban edip, Garaşsyz Türkmenistan döwleti bina etdiler. Şöhratly taryhymyzda özleriniň pähim-parasady bilen 70-den-de gowrak guran döwletlerinde nesilbaşymyz Oguzhanyň atamyzyň döwleti dolandyrmakdaky taglymatyny görmek we duýmak bolýar.

Türkmeniň nesilbaşysy Oguz han duşmana: “Ýer bermeris , ser bereris” diýipdir. Atalarymyzyň ganyna boýalan topragymyz biziň üçin uly mukaddeslikdir sebäbi bu toprakda ata-babalarymyzyň her daban ýeri üçin döken gany ýatyr. Watan goragy öz mertebäň goragydyr. Watan goragynda iň zerur zat watançylyk ruhudyr. Watançylyk söz bilen däl-de iş bilen görkezmelidir. Biz Watany beýik işlerimiz, zähmet edermenliklerimiz bilen beýgeltmelidirs! Watanymyzyň at- abraýyny galdyrmak her birimiziň borjumyzdyr.

Biziň  ata-babalarymyz Watana söýgüniň beýik nusgasyn görkezdiler. Türkmeniň Watana bolan söýgüsini,  Watana bolan buýsanjyny hiç bir güýç syndyryp bilmez!  Watan söýgüsi –berk synmaz galadyr!

Allanur ANNAÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
080524 050pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

sanly toyda harby kuwwatymyzyn dabaralanmasy bmwqupsgka THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BEÝIK ÝEŇIŞ – MIZEMEZ HATYRA

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop