Ýyladyş ulgamy ýylyň sowuk döwründe otaglary ýylatmaklyk üçin, daşky howanyň temperaturasynyň üýtgäp durmaklygyna bagly bolman, otagda kadaly temperaturany üpjün etmeklik üçin hyzmat edýär. Munuň üçin ýyladyş ulgamy otaglara, olaryň ýylylyk ýitgilerine deň bolan mukdarda, ýylylyk bermelidir.
Her bir ýyladyş ulgamy otaglara zerur bolan mukdardaky ýylylygy ibermeklik, geçirmeklik we ony öňünden taýýarlamaklyk üçin zerur enjamlaryň toplumyny aňladýar. Häzirki döwürde şu aşakdaky ýyladyş ulgamlary has giňişleýin ulanylýar:
Suw bilen işledilýän ýyladyş ulgamy, bug bilen işledilen ýyladyş ulgamy, gyzdyrylan howa bilen işledilen ýyladyş ulgamy, panel-şöhlelenme ýyladyş ulgamy, elektrik togy bilen işledilen ýyladyş ulgamy we peç ulanylýan ýyladyş ulgamy. Haýsyda bolsa bir ýyladyş ulgamyny seçip almaklyk-bu döredijilikli prosesdir, çünki ýyladyş ulgamy jaýyň ulanyş maksatlary we binagärlik-gurluşyk çözgüdi bilen içgin baglanşyklydyr.
Ýyladyş ulgamynyň shemasy:
1-ýyladyş gurallary;
2-ilkinji ýylylykgöterijiniň hereket edýän turbalary;
3-ýylylyk çeşmesi (ýylylyk çalyşyk enjamy-bu ýerde birinji ýylylykgöteriji öz ýylylygyny beýleki ýylylyk göterijä geçirýär; ýa-da gazan desga-bu ýerde ýangyç ýanýar we öz ýylylygyny ýylylyk göterijä geçirýär);
4-ikinji ýylylykgöterijiniň hereket edýän turbalary ýa-da kanallary;
5-otaglar.
Ýyladyş gurallary, otaglara zerur bolan ýylygy bermeklige niýetlenilen enjam hökmünde, ýyladyş ulgamynyň esasy konstruktiw bölekleriniň biridir we olar otaglaryň interýeri (içki görnüşli) we binagärlik-meýilnamalaşdyryş çözgütleri bilen iň köp derejede baglanşyklydyrlar.
Agamyrat NURYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby