Dil, söz we pikirlenme

10.05.2024

Häzirki döwürde adamyň beýnisiniň gurluşy, onda bolup geçýän elektrohimiki reaksiýalar, ýadyň biohimiki esaslary düýpli öwrenilen. Ýöne, adam nähili pikirlenýär, adamyň kellesine pikir nähili gelýär diýen soraglaryň jogaby tapylanok. Filosofiýa adama ömrüniň dowamynda birnäçe gezek hakyky pikiriň gelýänligini we onuň hemme adama gelmeýänligini belleýär. Şonuň üçin pikire taýýar bolmaly. Elmydama kelläňi arassa saklamaly.

Gadymy hindi paýhasy onuň üçin: ertirki nahardan soňra oturup, elleriňi dyzyň üstinde goýup 15 minudyň dowamynda hiç bir zat hakynda pikir etmezlige çalyşmaklygyň gerekligini aýtýar. Ýatmazdan öň hem şu ýagdaýy gaýtalamaly. Hiç zat hakynda pikirlenmezlik kyn, ýöne oňa öwrenşip bolýar.
Şeýle ýagdaýda hakyky pikiriň gelenini aňsa bolar. Hakyky pikiriň gelmekligi bolsa elmydama gudrat. Adamyň özüniň bir zady görmekligi, özüniň bir zada düşünmekligi elmydama kyn. Bu ýagdaý örän seýrek we ajaýyp pursat. Ilkinji gezek bir zady görmek hem adamyň kellesine pikiriň gelendigini aňladýan bolsa
gerek. Pikirlenmek – görmekligi, onda-da ýöne bir gözüň bilen däl, ähli durkuň bilen görmekligi aňladýar.

Pikirlenmeklik diliň kömegi bilen amal edilýär. Ýöne, filosofiýada diliň we pikirlenmäniň gabat gelmeýänligi ir döwürlerde bellenen. Iň gadymy dil yşarat dili bolýar. Yşarat şonda hereket görnüşde ýüze çykýar. Onda-da yşarat amaly hereket däl-de, özüniň hakyky esasyndan aýrylan hereketi aňlatmaklyk bolýar. Yşarat abstraksiýa tarap ilkinji ädim bolup çykyş edýär.

Söz abstraksiýanyň indiki, özem yşaratdan ýokarky basgançagy bolýar. Amaly hereket hem, yşarat hem, söz hem hereketiň görnüşleri bolandyklary sebäpli, dilde algoritmler we pikir galyplary saklanyp galyp başlaýarlar. Duýgularyň we kabul etmeleriň esasynda ýüze çykýan obrazlar we göz öňüne getirmeler kem-kemden özbaşdak ýaşaýşa eýe bolýarlar. Şonda maddy zatlardan üzňe bolan 53 abstrakt pikirlenme ýüze çykýar. Dil adamlaryň habarlaşmagynyň we özara düşünişmeginiň serişdesi hökmünde baýlaşýar we çuňňur pikirleri aňlatmaklyk ukybyna eýe bolýar.

Diller köp dürli, ösen we ösmedik diller bolýarlar. Soňky düşünjeleriň baýlygy grammatikanyň ösmekligi bilen däl-de äheň, labyz dürliligi bilen aňladylýar. Şol bir sözler bu dillerde dürli äheňde aýdylyp, her gezek başga manyny aňladýarlar. Grammatika näçe çylşyrymly boldygyça, dil şonça baý bolýar. Işlik görnüşleriniň, düşümleriň, sypatlaryň üsti bilen pikiriň örän inçe öwüşginlerini berse bolýar. Her bir halkyň pikir ýöredişi çalt ösýär: her gün täze ylmy açyşlar, täze hadysalar ýüze çykýarlar. Dil bolsa örän haýal üýtgeýär. Şonuň üçin dil pikiriň ösüşinden yza galýar. Ýöne, halkyň edebi dili, mysal üçin, Magtymgulynyň, Mollanepesiň ýa-da Berdi Kerbabaýewiň dili elmydama türkmen medeniýetiniň esasyny düzen, diliň baýlaşmagyna esaslary döreden. Eger dil medeniýet bolýan bolsa, onda ony ýoýmak bolmaýar ýa-da islegiňe görä üýtgedip bolmaýar. Diliň arassalygynyň goralmagy we saklanmagy gerek.

Jemal SAPARGULYÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:02 am, Nov 23, 2024
temperature icon 9°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1026 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýüpek önumçiligi

Next Story

Geometriýanyň taryhynda uly yz goýan grek alymy

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop