Ýüpek önumçiligi

10.05.2024

Ol ösümlik we ýüpek gurçugynyň utgaşmagy netijesinde emele geldi.

Guradylan pile Aşgabadyň we Türkmenabadyň fabriklerinde gaýtadan işlenip, çig ýüpek öndürilýär. Pileden ýüpegiň çykmagy 30-35 %-e barabar.

Ýüpek kelepleýji fabriklerde öndürilýän çig ýüpek Türkmenabadyň ýüpek mata kombinatynyň çig mal bazasydyr. 1 metr ýüpek mata almak üçin 40-80 gram çig ýüpek harç etmeli, 1 tonna gury pileden 4000 metr krepdeşin mata öndürilýär. 1 kg gury pileden 4 metr mata almak bolar. Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça taýýarlyk görülýär. Ýüpek gurçuklary idedilip başlanmazdan 10-12 gün öň gurçuk idediljek jaýlary arassalamaly we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli. Gurçuk idediljek jaýlara gerek bolan enjamlary ýylatmak üçin peç, ýylylygyny ölçemek üçin termometr goýmaly. Ýüpek gurçuklaryny talaba laýyk idedilip, ýokary hilli pile almak ýüpekçilik işiniň iň jogapkärli we örän hysyrdyly döwrüdir. Ýüpek gurçuklary idedilýän döwründe olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, tut ýapragyny bermegiň hem düzgünleri bardyr. Gurçuklaryň birinji ýaşynda bir gije-gündiziň dowamynda ownuk gyrkylan tut ýapraklary bilen 10-12 gezek, ikinji ýaşynda iri gyrkylan ýapraklar bilen 8-10 gezek, üçünji ýaşynda bolsa tutuş ýapraklar bilen 7-8 gezek iýmitlendirilýär. Gurçuklara dördünji ýaşynda tuduň ýapraklary gysgajyk baldaklary, 0.5 metr çemesi çybyklary, bäşinji ýaşynda bolsa 1 metr çemesi uzynlykdaky çybyklary berilýär. Pile saramak ýüpek gurçuklarynyň ömrüniň iň möhüm döwrüdir. Gurçuk pile sarap bolandan soň, olary bimaza etmeli däldir. Çünki munuň özi piläniň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar. Hatda gurçugyň pile saramazlygyna hem eltip bilýär. Gurçuklaryň kadaly ýagdaýda pile saramagy üçin sübselik gerek bolýar. Biziň ýurdumyzyň şertlerinde sübselik üçin bozagan, sygyrguýruk, ak kert, selin ulanylýar. Sübselikleri öz wagtynda goýmaly, bu iş gijikdirilen ýagdaýynda pile sarajak gurçuklar pes hilli pile saraýarlar. Gurçuklaryň bir bölegi bolsa pile saramaga ýer gözläp öz bedenindäki ýüpek mäzlerini ýitirýärler. Piläniň içindäki gurçuklaryň ýagdaýy kadaly bolanda 6-7 günden soň gundaga öwrülýär. Şoňa görä pile ýygnamak işine gurçuklar köpçülikleýin pile sarap başlandan 7-8 gün geçenden soň girişmek maslahat berilýär. Pile ýygnalanda olary hili boýunça aýratyn ýygnamaly. Ýüpek gurçuklary idedilende beýan edilen kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilmegi ýokary hilli, bol pile önümini ýetişdirmäge doly mümkinçilik döreýär.

Merdan PIRLEKOW
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:40 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýagşygeldi Kakaýew barada maglumat

Next Story

Dil, söz we pikirlenme

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop