Geoinformasion sistema öz maksady boýunça aşakdaky toparlara bölünýär:
-köp maksatly (meselem, sistemaly monitoringi geçirmek üçin niýetlenen);-problemaly
–oriýentirlenen (bir görnüşli meseleleri çözmäge niýetlenen);
-dar ýöriteleşen(уçкоспеöиалированный) ýaly bolýarlar.
Edil şular ýaly prinsip boýunça GIS-niň bukjalaryny toparlaşdyrmak mümkindir. Olar aşakdaky tertipde berilýär:
-umumy maksatly (kesgitlenen ýöriteleşmeleri üçin niýetlenmedik giň spektrli GIS);
-problemaly –oriýentirlenen (ylmy häsiýetli, ýörite meseleleri çözmek üçin ulanylýan GIS);
-dar ýöriteleşen (anyk müşderiler üçin niýetlenen, kesgitlenen çäkde dolandyryş meselelerini amala aşyrmak üçin işlenen GIS) ýaly görnüşlere bölünýär.
Tutýan meýdany boýunça geoinformasion sistema global (1:1000000 we ondan kiçi), regional(1:200000 we 1:100000 masştably kartalar) we lokal (1:50000, 1:25000 we 1:10000 masştably kartalar) ýaly görnüşlere bölünýärler.
Şu günki güne çenli bar bolan GIS-niň bukjalaryny, geografiki maglumatlaryň berlişi boýunça wektor we rastr ýaly görnüşlere bölmek mümkin. Käbir has ösen sistemalar maglumatlaryň iki görnüşi bilen hem işlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda amaly meseleleri çözmekde, has köpräk ýagdaýda, dogry netijeleri kabul etmek üçin ýöriteleşen serişdeleriň gerekligi baradaky meseleleri goýýarlar.
Şular ýaly mysallaryň sanawy diýseň köpdür. Meselem, gurluşyk binalaryny taslamalaşdyranda, gidrotehniki ugrukdyrmagyň (suw basmanyň meýdany we möçberi) meseleleri, adatdan daşary ýagdaýlaryň käbir görnüşleriniň (opmalary, güýçli tupanlary, ýer titremelerini, çabgaly ygallary we ş.m.) ýüze çykmak howpuny çaklamak, adamyň daşky gurşawa edýän täsirlerini we tebigatdaky hapalaýjylaryň akkumulirlenmek howpuny bahalamak, geologiki we gidrogeologiki häsiýetli ýagdaýlar dogrusyndaky (filtrlemegiň tizligini, aşak düşmegiň çuňlugynyň meýdanyny we ş.m.) mysallary bellemek mümkin. Şonuň bilen birlikde, geoinformasion sistemanyň esasy ulanylýan sferasyny tapawutlandyrmak bolar.
Serdar EREŞOW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby