Häzirki zaman gurluşyk pudagynda esasy material hökmünde sementiň aýratyn orny bar. Demirbetonyň ýüze çykmagy bilen gurluşyk ulgamynda ägirt uly desgalary gurmaklyk işi barha rowaçlanyp ugraýar. Häzirki wagtda ähli gurulýan desgalardyr binalaryň gurluşygynyň 70% den gowragynda demirbeton ulanylýar.
Biziň ýurdumyzyň Ahal, Balkan hem-de Lebap welaýatlarynda sement öndürýän zawodlar halkymyza hyzmat edýär. Olar ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny çig mal bilen üpjün etmek, şol bir wagtyň ňzünde hem daşary ýurtlara sement önümlerini eksport etmek wezipesini ýerine ýetirýär.
1-nji Lebap sement zawody Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, gurlup başlandy hem-de ýylda 1 million tonna taslama kuwwatlylygy bilen 2013-nji ýylda ulanyşa berildi. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Lebap sement zawodynda PS 500 GO-K TDS 753-2015; PS 400 GO-K TDS 753-2015; görnüşli sement önümleri öndürilýär.
2013-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplaryndan ybarat bolan topar Lebap welaýatynda önümçilik – tejribe saparynda boldular. Şol saparyň dowamynda 1-nji Lebap sement zawodynyň inženerleri bu zawodyň gurluşy, onda alnyp barylýan işler, sement önümçiligi üçin gerek bolan çig malyň getirilişi, sement önümçiliginiň tehnologiki prosesiniň yzygiderligi, kärhanadaky enjamlar barada maglumatlar, taýýar önümiň ýerlenilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Ýaňy – ýakynda bolsa, öňki 1-nji tapgyryň ýanaşyk çäklerinde “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan zawodyň 2-nji tapgyry bina edilip, Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyza hyzmat edip başlady. Onuň taslama ýyllyk kuwwaty 1 mln tonna deň. Bu zawodda öňki öndürilýän PS 500 we PS 400 sementler bilen bir hatarda berkligi boýunça has ýokary hilli PS 600 sementiniň önümçiligi hem ýola goýlan. Netijede Lebap sement zawodynyň 1-nji hem-de 2-nji tapgyrlryndan bilelikde ýylda 2 mln tonna sement önümleri sarp edijilere ýetiriler.
Daýanç SEÝITLIÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby