Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanyşa goýberildi

17.03.2024

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özüniň gatnaşmagynda Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa girizildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. «Lebap» sement zawodynyň 2-nji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.

Welaýyň merkezi – Türkmenabat şäherinden 350 km günorta-gündogarda ýerleşen bu kärhana ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutjak, bäsleşige ukyply, halkara bazarlarynda islegi ýokary bolan önümleri öndürmäge gönükdirilendir.

2013-nji ýylda ulanyşa girizilen zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, 2-nji tapgyrynda ozalky görnüşler bilen bir hatarda, has ýokary hilli S-600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar.

 “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Lebap sement zawodynyň 1-nji tapgyrynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasynda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.

Zawodda ähli önümçilik işleri  doly awtomatlaşdyrylandyr we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertler döredilendir.Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň biri hökmünde çykyş edýär. Kärhanada howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar. Açylyş dabaranyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi Mate Resetar Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň enjamlarynyň ýokary hilli, özboluşly aýratynlyklary baradaky laýyklyk güwänamasyny gowşurdy. Ýeri gelende bellesek, bu nemes senagat konserni Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýan döwürde, günlük kuwwaty 3000 tonna barabar bolan täze peçleri getiripdi.

Maýa ATAHANOWA
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:09 am, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýurdumyzyň senagaty barha kuwwatlanýar

Next Story

Sement önümçiliginiň taryhyndan

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop