CYtMIoMngO THE ASHGABAT TIMES

ADAMLAR GYMMATLYKLARY

15.02.2024

Maddy  we  ruhy  gymmatlyklaryň  iňňän    uly medeniýetleşdiriň  roly  bardyr.  Adamlar  gymmatlyklary özleşdirmek  arkaly özleriniň  mazmunlaýyn   güýçlerini ösdürýärler.  Başga  bir  söz  bilen  aýdylanda  adam  dürli maglumatlary  alyp, öz  bilimlerini  artdyrýar,  ukyplaryny kämilleşdirýär,  dünýähalklarynyň önümçilik  tejribesini alýar.  Şeýlelik  bilen,  bolsa  ruhy  jähtden ösýär.  Ençeme medeniýeti öwreniji alymlaryň dogry belläpgeçişleri ýaly medeni   gymmatlyklar   adamlar   arasynda   mazmunlaýyn güýjiň  alyş-çalyş  serişdesidir.  Nesilleri  biri-biri   bilen baglanyşdyryjy,  duşuryjy,  araçy     hökmünde çykyş edýändir.  Emma  bu  duşuşyk  geçen  zamanlarynyň nesilleriniň ol ýa-da  beýleki wekili  bilen ýüzbe-ýüz,  janly duşuşyk ýa-da  söhbetdeşlik  däldir.  Bizi,  häzirki  zaman nesillerini   olar ýagny   geçen   zaman   adamlary   bilen duşurýan, tanyşdyrýan  zat.-bu olaryň bize goýup  giden medeni gymmatlyklarydyr, medeni miraslarydyr. Diýmek,   häzirki   nesiller   tarapyndan   geçen  nesilleriň goýup  giden  medeniýetiniň  işjeň  peýdalanmagy  häzirki zaman medeniýetiniň kemala gelmegine, adamyň ruhynyň kämilleşmegine ýardam  edýän özeni  eken.  Ine  araçynyň medeni mazmuny hem şundan ybaratdyr.

Indi “adam mazmunlaýyn güýji” diýen düşünjäniň  nämäni  aňladýan-dygyna    garap    geçeliň. Ýadyňyzda  bolsa  ozalam  bu  barada ýüz  ugruna  agzap geçipdik. Adamlaryň döredijilikli işidir-zähmeti üçin zerur bolan  bilimler,  ukypdyr  başarjaňlyklar,  garaýyşlar, pikirler,  sosial  tejribeler  toplumyna  mazmunlaýyn  güýçdiýilýär.  Bu  güýçöz  beýanyny  adamlaryň  alyp  barýan işidir  zähmetinde    tapýar.    Adam özüniň  edýän  iş-zähmetiniň netijesinde gurşap alýan  dünýäni özgerdip, öz öndüren önümlerinde özüni, öz   mazmunlaýyn   güýjüni şekillendirýär,   oňaryp   bejeren   gymmatlyklarynda şahslaýyn güýjüni zatlaşdyrýar.

Gunça IŞANGULYÝEWA

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
XJp05GiQA3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TERBIÝÄNIŇ DÜZGÜNLERI HAKYNDA

2e522b8de8f9125b11365a6650089123 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

СЛУЧАЙНОСТЬ ИЛИ ЗАКОНОМЕРНОСТЬ?

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop