Afrika yklymynyň Kot-d-Iwuar we Gabon ýaly döwletlerindeedebiýatyň kemala gelmeginde dramaturgiýanyňtäsiri uly bolupdyr. Günbatar Afrikada kot-d-iwuarly dramaturg Bernar Dadýeniň ady uly meşhurlyga eýedir. Ýöne bu ýazyjy diňe sahna eserleriniýazmak bilen oňman,özüniňfransuz dilinde ýazan «Klembýe» romanybilenhemmeşhurdyr.Gabonda bolsa 1940-njy ýyllaryň ortalarynda, Ž.R. Aýýune, G.Anşuýe we Kowe Desminu ýaly dramaturglaryň ýazan sahna eserlerinden soň,okyjylarda edebiýata gyzyklanma döreýär. Ganaly ýazyjy Ata Aýdonyň «Janserek arwah»sahna eseri dramaturgiýanyň bu ýurtda-da kemala gelendiginegüwä geçýär. Günorta afrikaly şahyr hem galamgär Eýs Kriheniň iňlisleriň hem burlaryň arasyndaky uruş (1899-1902) hakynda ýazan«Ak diwar» sahna eserihem Afrikada XXasyryň ortalarynda döredilen iň meşhur sahna eserleriniň biridir. Mundan başga kongoly ýazyjy Soni Labu Tansi, nigeriýaly dramaturg Tolu Adžaýi, malilidramaturgy Musa Konate wemadagaskarly ýaş ýazyjy Mişel Rakutusonyň döreden sahna eserlerini hem agzap geçmek hökmanydyr.Emma Afrikada iň ussat dramaturg hökmünde nigeriýaly ýazyjy Wole Soýinkaykrar edilýär. Onuň «Ýolbars we hazyna», «Batgalykda ýaşaýanlar», «Tokaý tansy»we«Ägirtler oýny»sahna eserleriafrikan edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi. Soýinkanyň sahna eserleridiňe bir Afrikada däl, iňlis teatrlarynda-da sahnalaşdyrylypdyr. 1986-njy ýylda Soýinkaedebiýat ugry boýunça Nobel baýragy berlen ilkinji afrikan ýazyjysy boldy.
Annajahan AGAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby