Hat-ýazuwyň peýda bolmagy

18.03.2024

Afrikanyň ýurtlaryndaky birentek halklaryň milli elipbiýi diňe garaşsyzlyk alnanyndan soň peýda boldy.Meselem, Togoda 1980-nji ýyla çenli hat-ýazuw diňe ewe halkynda bardy. Gambiýadaky fulbe halkynyň arap hem latyn elipbiýinden düzülen ýazuwy bolsa beýleki halklarynyňkydan has ir döredi. Emma Afrika yklymynyň ýurtlarynyň käbirinde hat-ýazuwyň taryhy gadymy döwürlere uzap gidýär. Mysal üçin, Efiopiýanyň edebiýatygadymy efioplaryň geez dilinde IV-VII asyr aralygynda, Aksum şalygynyň ösen döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Maliniň Gao, Jenne şäherlerinde, Songaý döwletiniň Tombuktu şäherinde edebiýatda has uly öňegidişlik gazanylypdyr. Meşhur syýahatçy Al-Hasan Muhammet al-Wazzan az-Zaýýati al-Fasiözüniň«Afrikanyň hem-de onuň gözellikleriniň beýany» (1526)atlyeserinde Tombuktu şäheri barada: «Bu şäherdekitap satyjylaryndan kän gazanç edýän ýok»diýip belleýär.Sudanda XVI-XIX asyrlarda gülläp ösen Sennar soltanlygy barada ýazylan «Sennar senenamalary»atly edebi ýadygärlik hem uly ähmiýete eýedir. Onuň iň bir meşhur nusgalarynyň biriniň ýazary Ahmet Kätib aş-Şun bolupdyr.YslamdininiňgelmegiAfrikanyň birnäçe ýurtlarynda hat-ýazuwyň hem edebiýatyň ösmegine itergi berdi. Bu öňegidişlik diňe bir Demirgazyk Afrika (Müsür, Alžir, Tunis, Marokko) ýurtlary babatda gazanylmady, meselem,Tanzaniýada XIXasyryň ahyryna çenli suahili dilinde arap elipbiýi peýdalanylýardy. Sudan edebiýaty bolsa (esasanam,şygryýetde) arapedebiýatynyň bir bölegi hasaplanýardy. Onuň kämilleşmeginde Müsür edebiýatynyň täsiri örän uly bolupdyr. Çad döwletiniň edebiýaty hem tabynlyk ýyllary arap dilinde döräpdir. Madagaskaryň hem malagasiýa dilinde ýazylan ilkinji ýazuw ýadygärlikleri —taryhyýylýazgylary(«Surabe») hem arap elipbiýiniň üsti bilen ýazga geçirilipdir.Ýöne afrikan döwletleriniň aglabasynda hat-ýazuw tabynlyk döwründe peýda boldy.Sowatlylyk artdy, dürli dilli afrikan halklarynyň sowatly gatlagyöz aralarynda Ýewropa dillerinde düşünişip ugradylar. Günorta Afrika Respublikasynda ýazuwXIXasyryň ikinji ýarymynda, latyn elipbiýi esasyndadöredildi. Afrika ýewropalylaryň hem-de hristianlaryň gelmegi dini eserleriň hem giňden ýaýramagyna ýol açdy. Namibiýanyňmilli edebiýatynyň döreýiş taryhynda hristian missioneriM.Rautaneniň ady agzalyp geçilýär. Ol ndonga diliniň ýazuwyny döredip, ilki bilen oňa Injili terjime edipdir. Zimbabwe, Mali ýaly ýurtlarda milli edebiýat latyn elipbiýiniň esasynda,XX asyryň ortalarynda ýüze çykdy.

Arslan ATAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:27 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 27°C
облачно с прояснениями
Humidity 22 %
Pressure 1014 mb
Wind 14 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Dramaturgiýa

Next Story

Türkmen edebi-çeper tankydynyň žanr we stil aýratynlyklary

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop