Türkmen edebi-çeper tankydynyň žanr we stil aýratynlyklary

18.03.2024

Žanr hem stil aýratynlygyny sözüň doly manysynda 50-nji yýllaryň ortalaryndan A. Kerimow, M. Annagurdow, A. Myradow, Ö. Abdyllaýew ýaly ezber şahsyýetleriň tankytçylyk tejribesinden alyp gaýdan türkmen edebi pikiri 60-70-nji ýyllarda doly kemala gelip, kämillik derejesine ýetdi diýip aýtmak mümkin. Tebigaty boýunça ýeke däl-de, goňşy hem umumy türki dilli halklaryň edebiýatlary bilen bilelikde ösen türkmen sowet medeniýeti, hususan hem edebiýaty bu gün ýörite proza, poeziýa tankytçylaryna eýe boldy. Aýdaly, A. Kerimow, M. Annagurdow, Ö. Abdyllaýew, J. Allakow, H. Taňryberdiýew ýaly tankytçylar tema taýdan dürli ugurlardan tankydy makala ýazan hem bolsalar, olar, esasan proza tankydy bilen iş salyşdylar gitdiler. Emma S. Myradow, A. Garaýew, D. Nuralyýew, G. Geldiýew, B. Ussaýew ýaly tankytçylar, köplenç, poeziýa žanrynyň tankydy bilen meşgullandylar. Dogry, A. Myradow, H. Hojageldiýew, A. Mämmedow, S. Gurbanow, A. Bekmyradow dagy hem klassiki mirasa hem poeziýa, hem proza, hem çagalar edebiýatyna öz şowly makalalaryny bagyşladylar. Şeýlelikde, bizde dürli stilli tankytçylar ösüp ýetişdi.

Türkmen tankytçylarynyň žanr, stil aýratynlygyny işlemek umuman tankydyň derejesini, çuňlugyny, haýsy ugur bilen gidýändigini anyklamak üçin gerek, onuň obýektiwligini ýa-da subýektiwligini bilmek üçin gerek. Tankytda-da sosiologiýa, publisistika, topologiýa barlaglary bolýar. Hatda A. Kerimowyň proza barada ýöreden pikiri bilen beýleki proza tankytçylarynyň arasynda ýakynlyk bolup-bolmazlygyda stili işlemeklige bagly. Meselem, A.Kerimow rus-türkmen edebi gatnaşygyny işledi, hut şu mesele A.Myradowda hem dowam etdirildi. Ikisiniň arasynda tipologiýa ýagdaýy boldy. Ýa-da A.Kerimow A.Gowşudowa ilki ýüzlendi, A.Myradow hem ilkinji makalasyny Ata gowşudowdan ýazdy. Ol tipologiýa teoriýasyny emele getirdi. Şeýle pursatlar M.Annagurdow bilen A.Mämmetgulyýewiň, B.Kerbabaýewiň döredijiligi hakyndaky tankydynda hem duşýar. Bu gyzykly mesele her tankytçyň öz ýüzüni açmaga kömek edýär.

Türkmen prozasy hakynda gürrüň edilende, ol, esasan, sowet edebiýatynyň dörän döwürlerinde ýüze çykyp ugrady we 30-njy ýyllarda eýýäm kämilleşip başlady. Onuň kämilleşmeginde B.Kerbabaýewiň, N.Saryhanowyň, A.Durdyýewiň, A.Gowşudowyň hyzmaty uludyr. Olar ilkinji kämil hekaýalary, powestleri, romanlary we gaýry žanrlarda döreden eserleri bilen nusga galdyryp, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly rol oýnan ussatlardyr. Bu žanrlaryň kemala gelmegi bilen edebi tankydymyz-da kemala gelip başlady. H.Çaryýew, O.Täçnazarow, B.Kerbabaýew ýaly ýazyjylar edebiýatyň şu meýdanyna aralaşdylar. Olar öz döredijilik hem-de jemgyýetçilik işleriniň daşyndan edebiýatyň dürli meseleleri bilen gyzyklanypdyrlar.

Läle KÖŞEKOWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:29 am, Nov 23, 2024
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 87 %
Pressure 1027 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Hat-ýazuwyň peýda bolmagy

Next Story

Abu Aly ibn Sinanyň medisina degişli ylmy işleri

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop