Ibn Sina medisinany Abul Mansur Kamarynyň ýolbaşçylygynda öwrenip başlaýar. Abu Mansur Kamary Buhara şäherinde belli tanymal lukman hasaplanypdyr. Onuň medisina boýunça birnäçe ylmy traktatlary hem bolupdyr. Ondan başga-da medisina bilen meşgullanmany we öwrenmegi hristianin Abu Sahl Masihiniň ―Medisinanyň sungatyndan ýüz kitap atly işi maslahat berilýär. Bu iş uzak wagtlaryň dowamynda medisina boýunça gollanma hökmünde ulanylýar we Abu Aly ibn Sinanyň ― Medisinanyň kanunlary kitabynyň ýazylmagyna görnükli täsir edýär. Abu Sahl Masihi nestorianin bolýar. Nestorianlylyk – bu hristiançylykda bir akym bolup, ol Wizantiýada V asyrda emele gelýär. Ony esaslandyryjy – Nesteriý, 428-431-nji ýyllarda Konstantinopolly patriarh hasaplanylýar. 529-njy ýylda imperator
Ýustinian (527-565 ýý.) Afinadaky ähli filosofiki mekdepleri ýapýar. Nestorianlar serkowly (церковной) reaksiýanyň täsiri netijesinde we olaryň wizantiýaly atly adamlaryň garşysyna göreşenligi sebäpli öz ýurtlaryny taşlamaga mejbur bolýarlar. Olar Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Hindistana, Hytaýa we ş.m. ýerlere
gaçýarlar.
Eýranlylaryň (parslaryň) Gondişapur – Huzistanyň merkezi şäherinde Sanitler epohasynda olar medisina mekdebini esaslandyrýarlar. Bu bolsa özboluşly aleksandiýalylaryň keşbindäki akademiýa hasaplanylypdyr. Ol hem öz gezeginde Gündogarda (Merkezi Aziýada) medisinanyň ösmegine görnükli goşant goşýar. Bu ýerde şeýle-de hindi wraçlary (lukmanlary) hem işläpdirler. Bu mekdep Hindistan we Hytaý döwletleri bilen jebis arabaglanyşykda bolýar. Uzak wagtlaryň dowamynda akademiýa Sasanitler döwletiniň tebigy ylmy merkezi hasaplanypdyr. Bu ýerden lukmanlaryň we filosoflaryň görnükli wekilleri cykypdyr.
Nestorianlar gadymy eserleriň köp sanlysyny siriýa we arap dillerine terjime edýärler. X asyryň başlaryna Aristoteliň we Dioskopidiň, Gippokratyň we Galeniň esasy işleri arap diline terjime edilýär. Ýewropa şu terjimeleriň esasynda grekleriň beýik akyldarlary bilen tanyş bolýar. Köp sanly eserler şu terjimelerde hem dünýäniň belli kitaphanalarynda saklanylýar.
Abu Aly Ibn Sina köp sanly hassalary bejerdim diýip öz biografiýasynda ýatlaýar. Beýik akyldar keselleriň dürli görnüşlerini bejermek üçin bu praktikadan peýdalanypdyr. Tiz wagtyň dowamynda ol has tanymal lukman hökmünde tanalypdyr.
Abu Aly ibn Sinanyň medisina degişli işleri bilen tanyş bolmazdan öňürti, bu ugurda görnükli iş bitiren grek we nusulman alymlarynyň terjimehaly bilen baglanyşykly maglumatlara seredip geçeliň.
Köplenç, Abu Aly ibn Sina halypasy al-Masihi bilen bilelikde hassalary kabul edýärler. Al-Masihi Ibn Sinanyň hassalaryň çalaja bildirýän keselleriniň häsiýetlerine seredip, anyklap biliş ukybyna haýran galýar. Al-Masihi bilen bilelikde olar hirurgiýa operasiýalaryny hem geçirýärler. Şeýle-de olar Arrakdaky himiki tejribehanasynda hem işleýärler. Ol ýerde dürli görnüşli himiki tejribeleri geçirýärler. Abu Reýhan al-Biruny bilen bilelikde astronomiýa bilen hem meşgul bolýarlar.
Soltanguly NURMYRADOW
Türkmen döwlet
maliýe institutynyň talyby