Dark
Light
25.01.2026
UgsXmgYhF9 THE ASHGABAT TIMES

DANÝAN-KUNŞANYŇ ADYNY AGZAMAZLYK MÜMKIN DÄL

16.02.2024

Dünýäniň ägirt uly gurluşyk desgalarynyň sanawynda Danýan-Kunşanyň adyny agzamazlyk mümkin däl. Bu köpri Aziýada we dünýäde iň uzyn köpri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň uzynlygy 164,8 kilometre barabardyr.  Bu köpri Hytaýyň Jiangsu welaýatynda, Nanjing we Şanhaý şäherleriniň arasynda ýerleşýär. Ýeri gelende bellesek, dünýäniň iň uzyn köprüleriniň sanawynda ilkinji bäşlik Hytaý Halk Respublikasyna degişli bolup durýar.

Has geň galdyryjy zat, äpet desga 2008-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli çalt depginde gurlandygy we ähli barlaglardan soň, 2011-nji ýylyň 30-njy iýunynda açylmagydyr.  10000 den gowrak işgärleriň zähmet çekmegi netijesinde, gurluşygyň her günde 200 m bölegi bina edildi. Onuň köp bölegi ýer üstünde ýerleşýär we uzynlygy 9 km bolan kiçi bölegi Ýançenhu kölüniň üstünden geçýär. Şeýle hem onuň belli bir bölegi tunnel görnüşinde bina edilendir.

image 1 THE ASHGABAT TIMES

Danyan-Kunşan Wiaduk köprüsi ägirt uly göwrümi we häzirki zaman dizaýny bilen haýran galdyrýar.  Desganyň dürli böleklerinde köpri gurluşygyna mahsus bolan rama görnüşli , ferma görnüş, asma görnüş we arka görnüş ulanylandyr.

Ol ýurduň ulag infrastrukturasynyň möhüm elementi, şeýle hem Hytaýyň tehnologiki ösüşiniň möhüm nyşanlaryndan biri.

Danyan-Kunşan köprüsiniň iň täsir galdyryjy aýratynlyklaryndan biri onuň ägirt uly gerim aralygynyň bolmagydyr. Biri birinden iň uzakda ýerleşen iki sütüniniň arasy takmynan 650 metr bolup, şu görkeziji boýunça dünýädäki islendik köprüden rüstemdir.

Danyan-Kunşan köprüsi Hytaýyň simwolizmini we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Onuň dizaýny, ýurduň baý mirasyny we däp-dessurlaryny görkezýän elementleri öz içine alýar. Mysal üçin, hytaý medeniýetinde şowlulygyň we abadançylygyň nyşany bolan gyzyl reňk köpriniň bezeg elementlerinde we yşyklandyrylyşynda bar. Bu bolsa desga goşmaça estetiki gymmatlyk goşýar we Hytaýyň medeni mirasy bilen baglanyşygyny güýçlendirýär.

Gyzykly maglumatlaryň ýene biri,  inženerleriň bu desganyň umumy agramyny  4 million tonna barabar hasaplandygyny bellemelidiris. Bu, dünýädäki iň beýik binanyň – Burj Halifanyň agramyndan 4 esse köpdür.

Şatlyk BATYROW

Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk 

institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

eIoe011pG3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ALFRED NOBEL

YGD1A1HR2T THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BURJ HALIFA HAKDA PIKIR

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop