64059b4502a80 THE ASHGABAT TIMES

MAGTYMGULY PYRAGY UMUMYADAMZAT ŞAHYRY

20.03.2024

Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen baglydyr.Bu ösüşde olaryň ýerine ýetiren hyzmatlaryna, gadyr-gymmatyna mynasyp baha bermek, halkyň duýgy-düşünjesine, psihologiýasyna, pähim-paýhasyna  – onuň tutuş ruhy dünýäsine hormat goýmakdyr.Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr Magtymguly türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr.Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny  Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň  ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri  Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç , täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda  ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär.

Magtymgulynyň şygyrlarynyň güýçliligi we durmuşylygy, olaryň şol döwrüň jemgyýetçilik durmuşyny-halkyň durmuşyny-halkyň durmuşyny we ahlagyny dogruçyllyk bilen beýan edenligindedir. Akyldar şahyrymyzyň edebi mekdebiniň emele gelmeginde şahyryň ýaşan gurawynyň, alan ylym-terbiýesiniň, eýeren edebi däpleriniň degerli tasiri bolupdyr. Şahyr diňe öz halkynyň däl, Gündogar halklarynyň-da geçmişini, edebiýatyny, sungatyny, filosofiýasyny gowy bilipdir. Onuň goşgulary kämillik derejesine ýeten şahyrlarymyza köp derejede nusgadyr.

Magtymgulynyň döredijiligine göz gezdirsek, onda şahyryň döredijiliginiň aglabasynyň halk üçindigini görýäris. Her bir pursatda ol halky ýadyndan çykarmaýar. Halka göwünlik berip:

Kyýamatdan bir söz diýdim bakaýda.
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar hor bolar, galar aýakda,
Garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen!

Bu şygyrlaryň özi nusgawy şahyrymyzyň nazaryndan hiç bir durmuşy temanyň sypmandygyny görkezýär. Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, ol umumadamzat şahyrydyr. Halkymyz özüniň beýik şahsyýetine çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen halkynyň synmajak sütünine öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara baýdyr. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýynyň bitewi we jebis jemgyýetimiziň belent döredijilik ruhuny öz içine alýan hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan umumymilli baýram hökmünde bellenmegi biziň her birimizi watançylyk duýgusyna, uly ruhubelentlige besleýär.

Bu gün külli türkmen ili akyldaryň bir başa uýmak sargydyna ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dünýä belli akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde uludan belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlygymyza şatlyk goşýan, ruhumyzy has-da belende göterýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ajaýyp baýramy edilmegi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýä giňişliginde wagyz edilmegi biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Akmyrat PÄLWANOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şu gün-Türkmenistanda baharyň iň gysga güni we iň uzyn gijesi

original 16314e429cd96c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmekdäki adyl syýasatlary gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop