Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi bilen baglanşykly geçirilen täsirli çäre talyp ýaşlarda watançylyk, agzybirlik, jebislik ruhuny terbiýelemekde ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly köpsanly döwlet çäreleri geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy türkmen halkynyň kalbynda uly orun tutdy. Taryhymyzda ýitmejek yz goýan şahyrymyz, söz sungatynyň seresi Magtymgulynyň nurana keşbi şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika ugurlarynda şekillendirilip, halk köpçüligine ýetirildi. Bu beýik şahyr hakda ýazyjylar proza, poeziýa, drama eserlerini döretdiler. Kino režissýorlar çeper we dokumental filmler goýdular. Çünki watansöýüji şahyryň döredijiligi terbiýeçilik mekdepdir. Onuň şygyrlaryny okanyňda watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly garaýyşlary öňe sürendigine göz ýetirýärsiň. Sebäbi şahyr Watansyz, il-günsüz ýaşaýşy asla göz öňüne hem getirip bilmändir. Watana bolan çäksiz söýgi, agzybirlik şahyryň şygryýetinde belent owaz bilen ýaňlanypdyr.