«CyberQuest» hakatonyň ýeňijilerini yglan etdi

21.03.2024

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň ýokary – Gran-pri baýragyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy.
Birinji orunlaryň ikisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi.
Ikinji orunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary eýelediler.
Ýurduň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji orunlaryň eýelediler.
Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn IT-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryna baha bermäge hem-de «CyberQuest» talyplar üçin öz mümkinçiliklerini açmaga, toparda işlemek başarnyklaryny görkezmäge hem-de IT ulgamynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:46 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
небольшая облачность
Humidity 40 %
Pressure 1017 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Aşgabatda Nowruz baýramy üçin ýörite awtobus ýola goýuldy

Next Story

BILIM ULGAMYNDA

Soňkylar Habar

GitTop