Älemgoşar nähili tebigy hadysa?

23.03.2024

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, tebigatyň täsin keşbe gelýändigi hiç kimi parhsyz goýmasa gerek?! Baglaryň gülläp, al-elwan bolmagy, meýdanyň ýaşyl “ýapynja” ýapynmagy, kömelekleriň “jyklaşyp” ünsi çekmegi bilen bir hatarda, älemgoşar hadysasy hem ýygy-ýygydan duş gelýär.

 Älemgoşar suw damjalarynda ýagtylygyň döwülmegi, şöhlelenmegi we difraksiýa prosesleri sebäpli ýüze çykýan atmosferadaky optiki hadysadyr. Älemgoşar Günüň garşysynda ýerleşýän buludyň, öz gezeginde bu bulatdan ýagyş ýagýar, fonunda görünýän köp reňkli uly ýaýdyr.

Älemgoşaryň köp reňkli spektri üznüksiz bolsa-da, adat boýunça 7 reňki tapawutlandyrýarlar. Özi üçin 7 – lik belginiň aýratyn simwoliki manysy bolan Isak Nýuton älemgoşarda 7 reňki ilkinji bolup saýlan hasaplanýar. Ol gündizki şöhläni prizmada öwürmek bilen, ekranda älemgoşaryň dürli reňklerini gördi. Gören zatlaryndan soň, olardan ýedi esasy reňki kesgitledi. Bu reňkler: gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, gök, açyk gök we açyk gyrmyzy .

Biz gün şöhlesiniň ýagyş damjalaryndan geçeninde döwülýändigi üçin , edil şöhläniň prizmadan geçip döwlüşi ýaly, älemgoşary görýäris. Hakykatda, gün şöhlesiniň daş görnüşi ak bolsa-da, älemgoşarda görýän ýedi reňkimizden ybaratdyr. 

Älemgoşaryň döreýşi baradaky ylmyň taryhy 1637-nji ýylda fransuz filosofy we tebigatçysy Rene Dekartyň älemgoşaryň emele gelmeginde damjanyň rolunyň bardygyna ilkinji gezek düşünmeginden başlaýar.

Bu täsin hadysa Asmanda peýda bolup, hökmany ýagdaýda, ünsi özüne çekýär. Dürli halklarda älemgoşar bilen baglanyşykly köp rowaýatlar we ertekiler bar. Rus ýyl ýazgylarynda älemgoşara gysgaça “jennet arkasy” ýagny, “raýskiý duga” diýilýär. 

Ýokardan seredilende älemgoşaryň doly tegelege meňzeýändigini bilýärdiňizmi? Bu gaty seýrek hadysadyr. Ýöne käwagt uçarda uçmaga gelen adamlar älemgoşary doly tegelek hökmünde görüp bilerler. Köplenç ony ýazda ýa-da güýzde synlamak bolýar. Çünki bu wagtlar gysga, ýöne güýçli ýagyş ýagýar.

Gyş älemgoşary halo hadysasydyr. Bu suw damjalary (adaty älemgoşar ýaly) tarapyndan däl-de, buz kristallary tarapyndan döredilen älemgoşardyr.

Hürmetaý HASANOWA
Lebap welaýatynyñ
Çärjew etrabynyñ
29-njy orta mekdebiñ
baslangyç synp mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:57 am, Nov 13, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1027 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:45 am
Sunset Sunset: 5:56 pm
Öňki taryh

Nowruz baýramçylygy mynasybetli çäreler gyzgalaňly geçirilýär

Next Story

Terjime usuly

Soňkylar Makalalar

Balykçylyk pudagynyň ösüşi

12.11.2024
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde balykçylyk hojalygyny ösdürmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde içki we daşky suwlarda balyk

Gowaça

12.11.2024
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň oba hojalygynyň täze ykdysady gatnaşyklara geçirilýän döwri gowaçanyň sortlaryna bildirilýän talaplar ýokarydyr. Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagy dünýä derejesine gabat gelýän süýümi

Adamyň nerw ulgamy

12.11.2024
Adam bedeni ähli haýwanlaryňkydan hil taýdan örän tapawutlanýan ýokary nerw işjeňlige eýedir. Ýokary ösen aň, howaýy pikirlenmek, düşnükli (pert) sözleýiş ýaly beýni işiniň çylşyrymly

Elektrik stansiýalary

12.11.2024
Türkmenistan energiýa çeşmelerine baýdyr, bu ýerde senagat okgunly ösýär, şonuň üçin kuwwatly energiýa pudagy –üstünlikli ösüşiň girewidir. Elektrik energiýasy adaty durmuşda we senagatda ymykly

Türkmen halkynyň Milli gymmatlyklary

12.11.2024
Türkmen halky beýik halkdyr, onuň dünýä ylmyna, medeniýetine, umuman dünýä siwillizasiýasyna ummasyz goşantlary goşandygy bize mälimdir. Türkmen halkynyň geçmişde dünýäniň dürli künjeklerinde onlarça döwlet
GitTop