top 973 THE ASHGABAT TIMES

KERPIÇ BINALARYŇ ÝETMEZÇILIGI

19.02.2024

KERPIÇ BINALARYŇ ÝETMEZÇILIGI

Gurluşyk ulgamy hem, edil bilim pudagy ýaly, adamzat döräli bäri onuň ýaşaýşy bilen baglydyr hem-de ösüş ýolunda barýar. Täze-täze materiallaryň, täze tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen jaýlaryň gurluş aýratynlyklary, konstruktiw elementleri, göwrüm-tekizlik çözgütleri düýpgöter özgerýär. Täze konstruktiw elementleriň ýüze çykmagy belli bir derejede öňki ulanylýan materiallaryň kemçiliklerini ýüze çykarýar. Geliň adaty toýun kerpiçlerinden bina edilen jaýlaryň käbir ýetmezçilikleri barada durup geçeliň: 

 • Gurluşyk döwrüniň uzaklygy. Kerpiç binalaryň gurluşygy bloklardan, plitadan ýa-da agaçdan bina edilen şol bir meýdanly jaýlaryň gurluşygyndan has köp wagt alýar.

 • Ýokary baha. Kerpiç elýeterli gurluşyk materialy bolsa-da, ondan binalary gurmak ep-esli çykdajylary talap edýär. Ýeke-ýekeden ýüklenip düşülýändigi üçin ony transport etmek juda gymmada düşýär.

 • Hyzmatyň ýokary bahasynyň bolmagy. Ölçegi boýunda kiçi elementler bolup, gurluşyň uzak ömri bilen deňagramlaşdyrylýar. Kerpiç örmek işi ýokary ussatlygy talap edýär. Örümden soň sepleri betonlamak işiniň bolmagy we beýlekiler onuň gurnama işleriniň bahasynyň artmagyna getirýär.

 • Agyr agram. Kerpiçden bina edilen daşky diwarlar we içki agram göteriji diwarlar uly hem-de çuň binýatda oturdylmalydyr. Bu gurluşyk işleriniň bahasyny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, döredilen binýat aýazdan, doňmadan goralmalydyr. Ýogsam, diwarlarda jaýryklar döräp, jaý deformirlenip başlar.

• Izolýasiýa zerurlygy. Kerpiç binalaryň ýylydygyna garamazdan, termiki izolýasiýa talap edilýär. 

• Çalt sowamak. Sowuk howada gyzdyrylmadyk, bina çalt sowaýar. Soňra ýylylyk üçin ep-esli wagt gerek bolýar. Kerpiç jaýy gurmak isleýänler, gurluşygy tomusda göz öňünde tutmalydyrlar. Çünki ýyladyş wagtynda süňňi sowan binanyň diwarlaryň içinde çyglylyk (çyg nokady) emele gelip başlaýar. Munuň ýüze çykmazlygy üçin sowuk howada kerpiç jaýy hemişe gyzdyrmaly, sowamagyna ýol berilmeli däldir. 

• Goşmaça konstruksiýalryň zerurlygy. Gurluýan binada gapylaryň ýa-da penjireleriň ýerlerini goýup gitmeli bolanda, arka görnüşi usuly ulanmazdan, kerpiji göterip saklamak üçin goşmaça pürsleri ulanmaly bolýar.

Şanazar HYDYRGULYÝEW 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyñ talyby 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
19022024 PR THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

GEOGRAFIKI ZÄHMET BÖLÜNIŞI TAGLYMATY

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop