Magtymgulynyň golýazmalarynyň arasyndaky 1123nji bukjada saklanýan diwan aýratyn durlup geçilmäge mynasyp. Bu diwany 1946njy ýylyň başynda Gylyç Mülliýew golýazma hazynasyna tabşyrypdyr. Şondan biraz wagt geçensoň, has takygy, 1961nji ýylda dilçi alym Z.B.Muhammedowa «Народы Азии и Африки» žurnalynda «К текстологии Махтумкули (о стихах Махтумкули по «рукописи Кылыча Мюллиева») atly makala bilen çykyş edip, onda Gylyç Mülliýewiň tabşyran golýazmasyndaky goşgularyň Magtymgula degişlidigine şübhelenýär. Eýsem alymyň şübhelenmesi nämäniň esasynda döräpdir. Onuň tutaryklarynyň biri bu bukjadaky şygyrlaryň şahyryň onlarça diwanlarynyň hiç birinde gabat gelmezligi. Biz bu baradaky gürrüňi biraz yza goýup, alymyň beýleki tutaryklaryna ýüzleneliň. Z.Muhammedowa bukjadaky şygyrlary temalary boýunça 3e bölüp, olaryň 1nji toparyna watandan aýralyk, ýesirlik, namartlary ýazgarmak; 2nji toparyna söýgi; 3nji toparyna gelingyzlaryň kemsidilmegi, garypgasarlaryň mertebesiniň göterilip, din wekilleriniň abraýynyň pese düşmegi bilen baglanyşykly şygyrlary degişli edýär. Soňra bolsa şahyryň «Tuta başlady» atly şygryndan:
Gudratyndan düşdi pirler, işanlar,
Çäresiz, azarly galdy bu janlar,
Molla boldy her öňýeten nadanlar,
Igi, guly hoja çata başlady –
diýen bendi, «Azara belli» atly goşgusyndan:
Aýlanyp gerdişler, öter bu günler,
Janda ne kuwwat bar, titreşer tenler,
Ýat boldy Gurhanlar, galypdyr dinler –
diýen setirleri, «Gözel ýarym görünmez» atly goşgusyndan:
Azanlar kesilip, metjit ýapylyp,
Hakdan özge bir azarym görünmez –
diýen setirleri mysal getirýär. Soňra alym getiren mysallaryna esaslanyp, şeýle netije çykarýar: «Когда же до 1917 г. было столь сильным атеистическое движение? Напрашивается предположение, что эти стихи следует отнести к началу советского периода».
Çynar GURBANKULYÝEWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby