120124 018 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öwüt nesihat barada

23.03.2024

2024-nji ýylyň “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy ” ýyly diýip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki türkmen halky taryhda yz goýan gerçeklerini, şahsyýetlerini, akyldarlaryny hemişe hormatlap gelen halk. Bu däbi Gahryman Arkadagymyz , Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem mynasyp dowam etdirip gelýär. Şu günler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky jebisleşip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna uly taýýarlyk bilen barýar.
3 asyrlap dünýäniň üns merkezinde saklanyp gelýän Pyragynyň eserleri nesil terbiýesinde , ylaýta-da, ynsan edebini gözelleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Watansöýüjilik, ula hormat, dogry sözlülik, zähmetsöýerlik, ýagşylyga çagyrmak, ýamandan gaça durmak, ogrulygy hem-de ýalançylygy ýazgarmak ýaly meseleler Pyragynyň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär:


Yzzat, hormat, syn etmegin
Görüm görülmegen ýerde.
ýa-da
Ýagşylykda ile özün tanadan
Alkyş alyp derejesi zor bolar.


Elbetde, şeýle setirler akyldaryň goşgularynda sanardan kändir. Şahyryň men-menligiň, tekepbirligiň juda ýaramaz häsiýetdigini, adamyň mertebesini çakdanaşa kiçeltýändigini düşündirýän ençeme setirleri bardyr:


Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen.


Pyragynyň eserleri bu gün bütin Ýer Şaryna guşak edilip guşalýar. çünki, Akyldaryň her bir ýüzlenen temasy diňe bir halkyň ýa-da milletiň meselesi däldir. Ol bütin adamzat meselesini orta atandyr. şonuň üçinem Magtymgula umumadamzat şahyry diýilýär.

Kakageldi KAKAGELDIÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
3fb8c47c b641 4313 8b5d e4f2e133d00f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Terjime usuly

cover r4x3w1200 5f3e58582209b e16ed418ad9ca51c7014c312d0da9672d0464690 jpg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UEFA çempionlar ligasynyň geçiriliş tertibi üýtgedi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop