0e3c261e4ef40fc0f99728265185e4b3 THE ASHGABAT TIMES

BILIM ULGAMYNDA

21.03.2024

Gahryman Arkadagymyzyň bilim özgertmelerindäki adyl başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Diýarymyzda S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň, S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetia institutynyň goşmaça okuw binasynyň, sport desgasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde-de bu okuw jaýlaryny täze tehnologiýalar, okuw esbaplary, tejribe enjamlary bilen üpjün etmek işlerine uly ähmiýet berilýär.

Ýaňy – ýakynda Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň professor – mugallymlary Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda olar Germaniýanyň hem-de beýleki ösen Ýewropa ýurtlarynyň öndürýän, tejribe hem-de amaly sapaklarymyzda zerur bolan enjamlaryň iň täze, iň kuwwatly kysymlary bilen has içgin tanyşdylar.

Şeýle kämil enjamlary dolandyryp biljek, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyny mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde zähmetlerini gaýgyrmaýan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimiziň iş saparyna giden işçi düzümleri birnäçe enjamlary sargyt etmek meselesine seretdiler. Bu aýdylanlara gurluşyk materiallaryny synagdan geçirmek üçin, göteriji we daşaýjy maşynlaryň berkligine barlaglaryny geçirmek, nano bölejikler bilen bagly ölçegleri geçirmek, elektrik gurluşlary synagdan geçirmek bilen bagly enjamlary,  elektron enjamlaryň düzüm böleklerini, kompýuter gurluşlaryň toplumlary, dürli fiziki – himiki maddalary we ş.m. mysal getirmek bolar.

Arslan JORAÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
21 thumb lub0fo7 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«CyberQuest» hakatonyň ýeňijilerini yglan etdi

coca cola logo.svg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dubaýda Coca-cola kompaniýasy işe çagyrýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop