THE ASHGABAT TIMES

Binalaryň klassifikasiýasy

25.03.2024

Binalar we desgalar daşky gurşawyň iň möhüm bölümleriniň biridir. Olaryň binagärlik aýratynlyklary, esasan, funksional maksady bilen kesgitlenýär. Bu bolsa öz gezeginde jemgyýetiň talaplary esasynda emele gelýär we önümçilik gatnaşyklary tarapyndan kesgitlenýär.
Binalar maksady boýunça adatça aşakdakylara bölünýär:

Ýaşaýyş jaýy,

Jemgyýetçilik jaýlary,

Senagat jaýlary,

Oba hojalygy maksatly jaýlar.

Olaryň ýokarky ikisi raýat jaýlary diýip atlandyrylan, soňky ikisine önümçilik jaýlary diýilýär.

Ýaşaýyş jaýlary adyndan belli bolşy ýaly, adamlaryň gündelik ýaşamaklary üçin niýetlenendir. Olar hem öz gezeginde konstruktiw gurluşy boýunça , gat sany boýunça, konstruktiw elementleri boýunça birnäçe toparlara bölünýär.

Gatlaryň sany esasynda: pes gatly – 1-den 4 gata çenli; orta gatly – 5-den 8-e çenli; köp gatly – 9 -30 gatly, has ýokary gatly – 30- dan köp gatly jaýlar diýip tapawutlandyrylýar.

Jemgyýetçilik jaýlary ilata hyzmat edýän binalar bolup durýar. Mysal hökmünde, aeroportlary, mekdepleri, hassahanalary, hyzmat öýlerini hem-de beýlekileri görkezmek bolar.

Senagat jaýlary hem bir gatly we köp gatly senagat jaýlaryna bölünýär. Önümçilik jaýlarynyň aşa uly meýdanlary eýeleýändigi üçin, gurluşygyň dowamlylygyny gysgaltmak maksady bilen, olary taýýar konstruktiw elementlerden ýygnamak maksadalaýyk hasap edilýär.

Adaty iş şertlerinde köpçülikleýin gurluşyk binalaryň we desgalaryň (raýat we senagat gurluşyk binalary) – iň azyndan 80 ýyl hyzmat ömri bar diýip kabul edilýär.

Daşky ýük göteriji diwarlary agaçdan bolan binalar we desgalar üçin bu görkeziji 50 ýyla barabardyr.

Oguljahan Suhanowa
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1111 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kino sungatynda at galdyran ussady- Uolş Maýkl Emmediň aradan çykmagy

240324 008 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat beriler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop