watsonthumb THE ASHGABAT TIMES

SANAÝYŞ ULGAMLARY

17.05.2024

EHM-da işläp taýýarlamaly maglumatlar şol maşyn üçin kabul edilen sanamanyň ulgamyna görä, ýörite kodlar bilen bellenmelidir.

Sanamanyň ikilik, sekizlik, onluk we onaltylyk ulgamlary häzirki zaman kompýuterlerde ulanylýän ulgamlardyr.

Sanaýyş ulgamy diýip sanlary bellemegiň düzgünlerine aýdylýar. Sanaýyş ulgamy pozision we pozision däl görnüşlerde bolýar.

Sanamanyň pozision däl ulgamynda her bir sifriň ekwiwalent mukdary berlen san ýazylanda onuň ýerleşýän ýerine bagly bolmaýar. Muňa mysal edip, sanaýyşyň rim ulgamyny görkezmek bolar.

Sanlary bellemegiň rim ulgamynda I, V, X, L, C, D, M ýaly simwollar ulanylýar. Sanamanyň pozision däl ulgamynda sanlary bellemek has çylşyrymly bolup, şol bir sany ýokarda görkezilen simwollar arkaly her hili kombinasiýada ýazyp bolýar. Kompýuterler üçin diňe ýeke täk belgi bilen bellenen sifrler ulanylýar. Şoňa görä-de kompýuterlerde diňe pozision sanaýyşulgamyulanylýar.

Islendik pozision sanaýyş ulgamynyň ady bolup, onda sifrleriň sany ulanylýar. Mysal üçin ikilik sanaýyş ulgamynyda “0” we “1”, sekizlik ulgamynda 0, 1, 2, 3, 4, 5, 6 hem-de 7, onluk ulgamynda 0, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8 hem 9, onaltylyk ulgamynda 0, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, A, B, C, D, E, F ulanylýar. Şu opzision ulgamlaryň her birinde ulanylýan sifrleriň mukdaryna şol pozision ulgamynyň esasy diýilýär.

EHM-i düzýän elementleriň durnukly ýagdaýyna baglylykda, ol ähli amallary ikilik sanaýyş ulgamynda ýerine ýetirýär.

Ikilik sanaýyş ulgamynda goşmagyň düzgüni:

0 + 0 = 0
1 + 0 = 1
0 + 1 = 1
1 + 1 = 10

Ikilik sanaýyş ulgamynda aýyrmagyň düzgüni:

0 -0 = 0
1 -0 = 1
0 -1 = 1
1 -1 = 0

Jemal NURGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mahtumkuli THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ESASSYZ ŞÜBHELER, ESASLY HAKYKAT

scale 1200 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mermer şäher Aşgabat

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop