Ýurdumyzda sanly bilim ulgamy

17.05.2024

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar.
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Milli Liderimiz Karara gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek we elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Elektron okuw talyp ýaşlaryň özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr we sanly maglumatlary ulanmak, öwrenmek, saklamak endiklerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri açmaga kömek edýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde içki lokal tory döredildi, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.
Sanly bilim portalynda uniwersitet, fakultetler, kafedralar, kafedralarda okadylýan dersler, dersleriň elektron umumy okuw ýazgylary, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, elektron kitaphana, talyplaryň okuwda ýetişikleri, okuwda, ylymda we sportda gazanan üstünliklerini görkezýän bölümler bar. Bulardan başga-da sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Şeýle hem uniwersitetiň kitaphanasynda elektron kitaphana hereket edip, ol ýerde dürli görnüşli edebiýatlar elektron görnüşde ýerleşdirilen.

Aýnur ÝAZMURADOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:49 am, Nov 23, 2024
temperature icon 9°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1026 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

15 ýyl ýüreklerde galan owaz

Next Story

Nebit we gazyň şepbeşikligi we dykyzlygy

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop