Mukaddes Oraza aýynyň ýylda iki gezek gabat gelmegi

25.03.2024

Külli musulman ymmaty üçin aýlar içiniň serweri, her bir adamyň ýagşy umyt-arzuwlar, päklik bilen garşylaýan Oraza aýynyň ähmiýeti ýurdumyzda uludyr. Bu aý musulman dünýäsinde iň sogaply, ýagşylyklaryň ýaýylýan ajaýyp aýy hasap edilýär. Pähim-paýhasa ýugrulan, goşgylary çuňňur manylara beslenen Magtymguly atamyz:
“Ýylyň dört paslynda – on iki aýda

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn”
diýip, Remezan aýynyň nähili ajaýypdygyny, ähmiýetiniň ulydygyny belläp geçýär.
Pederlerimizden galan nusgalyk ýoluň şu günlere çenli dowam edip gelşine görä, ýaremezan aýtmak Orazanyň buşlukçysy hasap edilýär. Agşamlara ýakymly owaz gatýan şatlykly ýaremezan bilen başlanýan Orazanyň öz düzgünleri bar.

Remezan aýy – arassaçylygyň we päkizeligiň aýydyr. Bu mukaddes aý ynsan kalbynda päkizelik, ýagşy niýetlilik, päk ýüreklilik, haýyr-sahawatlylyk duýgysyny oýarýar. Bu aýda her bir maşgala bir saçagyň başyna jem bolup, agzaçar edilip, bilelikde naharlanýarlar.
Bu aý ýyl senenamasy boýunça her ýyl bir wagtda däl-de, ýylda dürli senelere gabat gelýär.

Şeýlelikde, hasaplamalar boýunça 2030-njy ýylda mukaddes Oraza aýy 2 gezek gelmegine garaşylýar, ýagny 2030-njy ýylyň ýanwar aýynyň 5-inden fewral aýynyň 3-i aralygynda birinjisi, we şol ýylyň dekabr aýynyň 26-syndan 2031-nji ýylyň ýanwar aýynyň 23-i aralygynda bolsa ikinjisi dowam eder.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:43 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
небольшая облачность
Humidity 40 %
Pressure 1017 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISINIŇ WE MDHGI-Ň REKTORYNYŇ DUŞUŞYGY

Next Story

Daş örüminiň tilsimaty we guramaçylygy

Soňkylar Habar

GitTop