Oba hojalyk pudagynda tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmeklik we olary köpeltmeklik uly ähmiýete eýedir. Oba senagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan oba hojalygynda tut agaçlary ýüpekçiligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Tut agajyny ösdürip ýetişdirmekde obýektiw şertleriň örän uly täsiri bardyr. Şol şertleriniň iň esasylarynyň biri Günden gelýän ýagtylykdyr. Ýagtylyk ösümlikleriň ösmegi üçin fiziologiki hadysa bolan fotosinteziň geçmegine örän uly täsir edýär. Fotosintez – bu ýagtylykda suwuň we kömürturşy gazynyň täsirleşmesi esasynda ösümlikleriň ösmegi üçin zerur gerek bolan glýukozanyň we kislorodyň emele gelmek hadysasydyr. Diýmek,tut agaçlary howanyň düzümindäki kislorody baýlaşdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekde çyglylyk hem örän uly ähmiýete eýedir. Tut nahallarynyň ösýän döwründe, düýp alan ýaş tutlar 7-8 ýyllyk agaç bolup ýetişýänçä, ýagny çybyklary kesilip başlaýança,olar ýylda 6-8 gezek suwaryp durmak has-da zerurdyr. Ýagtylyk we çyglylyk bilen bir hatarda tut agaçlarynyň ösmegi üçin iň zerur, iň möhüm ekologiki şertleriň biri ýylylykdyr. Toprakda ýylylygyň derejesi +14 gradus bolup, toprakda çyglylygyň derejesi hem ýeterlik bolanda tut agaçlarynyň tohumy gögerip başlaýar. Şeýle ýylylykda uly tut agaçlarynyň pyntyklary hem gögerip başlaýar. Tut agajy örän peýdalydyr. Onuň ýapragyny ýüpek gurçugyny iýmitlendirmekde, tudanasyny bolsa, mürepbe ýasamakda, guradyp kişde etmekde, bezeg agajy we saýa hökmünde ulanylýar. Ony derman üçin hem peýdalanýarlar. Tut agajynyň tudanasynyň, ýapragynyň, gabygynyň we köküniň guradylan we owradylan görnüşde aşgazan, ýürek damar we başga käbir keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlar boýy ulanylandygy barada hem ylmy çeşmelerde maglumat berilýär. Tut agajy örän berk agaç bolany sebäpli ony dürli hajatlar üçin ulanýarlar. Türkmen halky dürli saz gurallaryny (dutary we gyjagy) gadym döwürlerden bäri diňe tutdan ýasaýarlar. Tut ýapragy diňe bir ýüpek gurçuklary üçin iýmit bolman eýsem olaryň galyndysy ýa-da güýz sowuk urup ýere düşen ýapraklary mallar üçin ot-iým hökmünde hem peýdalanylýar. Tut agaçlary tohum arkaly we wegatatiw usullarda köpeldilýär.
Perman ÝEGENNAZAROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy,
mekdebiň TMÝG-nyň başlygy