zdorovie091120201 THE ASHGABAT TIMES

Bedeniň sagdynlygy – ruhuň sagdynlygy!

26.03.2024

Halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» kitabynda: «Ilat arasyndaky keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sport bilen yzygider meşgullanmagy zerur hasaplanýar» diýlip bellenilýär. Nazary bilimleri, täze tehnologiýalaryň we amaly lukmançylygyň aýratynlyklaryny öz içine alýan ylym bolan «Gigiýena» ylmy, ýokary bilimli lukmanlary taýýarlamak ulgamynda wajyp orny eýeleýär.

Gigiýena ylmy – bu keselleriň öňüni alyş ylmy bolup, lukmançylykda uly orny eýeleýär. Ol bedeni gurşap alan daşky täsirleriň, durmuşyň sosial we tebigy şertleriniň saglyga bolan täsirini öwrenýär. Gigiýenanyň wezipesi daşky gurşawyň döredýän näsazlyklarynyň öňüni almakdaky geçirilýän çärelerini ylmy esasda düzmekden, ilatyň kesellemegini çürt-kesik azaltmakdan we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Lukman, hünärine garamazdan, öz gündelik işinde keselleriň öňüni alyş çäreleri amal etmegiň hötdesinden gel-megi başarmalydyr. Lukman öz näsagyna gözegçilik edende, onuň iş we ýaşaýyş şertlerine doly göz ýetirip, bejeriş işlerini gurşaw bilen baglanyşdyryp geçirende, amala aşyrýan bejergisiniň has üstünlikli bolmagyna ýardam edýär.

Kesellini bejermek – munuň özi, ilki bilen, keselliniň gigiýenasyny berjaý etmekdir, onuň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmakdyr. Gigiýena degişli esasy maglumatlar: howa, suw, toprak gigiýenasy, iýmit, zähmet şertleriniň aýratynlyklary, çagalaryň we ýetginjekleriň gigiýenasy, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gigiýenasy, şahsy gigiýena baradaky häzirki zaman maglumatlary beýan edilýär. Häzirki zamanda durmuş, ýaşaýyş şertleri örän tiz özgerýär. Durmuşda kärhana paýdarlary (aksionerleri), kooperatiwler, kiçi kärhanalar tarapyndan sanitariýa-gigiýeniki talaplarynyň doly berjaý edilmeýän ýagdaýlaryna duş gelinýär. Bu bolsa lukmançylyk işgärleriniň keselleriň öňüni alyş çärelerinde sanitariýa hüşgärliginiň berkidilmegini talap edýär. Esasan-da, oba we şäher ilatly ýerleriň abadanlaşdyrylmagynda, ýaşaýyş we iş şertleriniň gowulandyrylmagynda, iýmit üpjünçiliginde ylmy-gigiýeniki talaplar berjaý edilende, säwlikleriň bolmazlygyny gazanmak gerek.

Durmuş – ykdysady şertler adam üçin wajyp bolup, tebigy täsirler, adamlaryň zähmet şertinde duşýan önümçilik ýagdaýlar, iýmit aýratynlyklary, ýaşaýyş – durmuş şertleri saglygy kesgitleýji alamatlardyr. Durmuş-ykdysady ýetmezçilikli maşgalalarda, ilatlarda, obalarda dürli durmuş keselleri köp duşýar.

    Keselleriň  aglabasynyň  durmuş-ykdysady  sebäplerden  gelip çykýandygyny N.A. Semaşko belläp geçipdi. Şu babatda diňe keseli anyklamak, bejermek ýeterlik bolman, keselleriň öňüni almak, ol keselliniň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak hem zerurdyr.

    Saglygy goramak, berkitmek diňe lukmançylyga degişli bolman, ol durmuş meseleleri hem bolup durýar. Adam diňe gurşap alan täsirleriň pidasy bolman, ol daşky gurşawy özgerdýär we saglygy goramak üçin zähmet, durmuş şertlerini gowulandyrýar.    

Arassaçylyk – saglygyň girewidir! Saglygyň gadryny ýaşlykdan biliň!

Artykow Mekan
Türkmenistanyň inžener
tehniki we ulag kommunikasiýalar
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
p06vcwwr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kung Fu Panda hakda multfilm görmek hytaýlylara agyr degýär: Amerikalylaryň ýalanlary sebäpli gaharlanýar

sora openai 4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Golliwudyň aktýorlary işini ýitirip bilerler: režissýorlar Sora wideo generatory bilen gyzyklanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop