«Goturdepenebit» 173,7 müň tonna çig nebit çykardy

27.03.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde  şu ýyl hereket edýän guýulardan 173 müň 748 tonna nebit çig maly çykaryldy.

Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan «gara altynyň» üçden birine barabarynyň biziň müdirligimize degişlidigine bolsa has hem guwanýarys. Müdirligimiz boýunça hasabat döwründe guýulardan 66 million kub metre barabar tebigy gaz almak baradaky meýilnamanyň 137 göterimden geçirilip berjaý edilendigini hem belläsimiz gelýär.

Häzirki günlerde müdirlige degişli çäklerde täze guýularyň ençemesiniň gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

“TÜRKMENNEBIT”
DÖWLET KONSERNI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:46 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy

Next Story

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Soňkylar Täzelikler

translate russian turkmen

07.11.2024
32%-den 50%-e çenli: 2024-nji ýylda her ikinji kiberhadysa iş proseslerini bozýar07.11.202439% ýagdaýda hünärmenler 17 belli APT toparynyň işjeňliginiň yzlaryny tapdylar. Positive Technologies howpsuzlyk merkeziniň
GitTop