Belli bolşy ýaly, guradyşa dürli strukturaly, dürli fiziki, himiki, mehaniki we başga häsiýetnamalary bolan materiallar we önümlersezewar edilýärler. Bu häsýetnamalaryň ähmiýeti guradyşyň amatly usullaryny we konstruksiýalaryny dogry seçip almaklyga mümkinçilik döredýär.
Gurluşyk önümçiliginde ulanylýan materiallaryň aglaba köpüsi kapilýar-boşlukly önümler bolup, önümçilikde şertlere we tehnologiki prosesslere baglylykda çyglanma sezewar bolýarlar.
Materiallardan we önümlerden artykmaç çygy aýyrmaklyk üçin önümçilikde materiallaryň we önümleriň, belli bir çäge çenli guratmaklyk esasynda, emeli usulda çyglylygyny peseltmeklik giňişleýin ulanylýar.
Guradyş prasessinde materialdan doly ýa-da doly däl mukdarda aýrylmaly islendik suwuklyga çyg diýip düşünilýär.
Kapillýar boşlukly jisimlerde (ýagny çygly materiallarda) ýylylygyň we çygyň hereketiniň kanunlary öwrenilende çygyň materialyň gaty fazasy bilen özara baglanşygynyň görnüşini hasaba almaklyk zerurlygy ýüze çykýar, çünki bu arabaglanşygyň häsiýetiniň özgermekligi bilen materialyň fiziki häsýetleri we çygyň material bilen özara baglanşygynyň energiýasy üýtgeýär, bu ýagdaý bolsa materialdan çygy aýyrmaklygyň amatly usulyny seçip almaklykda örän wajypdyr.
Materialyň boşluklaryna we napillýarlaryna siňen material bilen mehaniki baglylykda bolan çyg, erkin çygdiýip tlandyrylýar. Germew kanstruksiýalaryň guradylşyna ol ilki bilen bugarýar. Erkin çyg bugaranynda materialyň üstünde buguň basyşy materialyň çyglylygyna bagly bolmaýan we materialyň temperaturasyndaky üsti açyk arassa suwuň üstündäki doýgun buguň basyşyna deňdir.
Germew kanstruksiýalarynda toplanan çygyň beýleki bölegi, materialyň üstünde berk saklanýar içki böleklerinde material bilen fiziki-himiki birleşikde bolýar we baglylykly diýip hasaplanýar. Bu çygyň bugarmaklygy guradyş presessiniň ikinji ýarymynda bolup geçýär we materialyň üstki ýanynda buguň basyşynyň peselmekligi bilen häsýetlendirilýär.
Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy