Dark
Light
24.01.2026
dsc 0109 scaled THE ASHGABAT TIMES

Akyldar şahyryň şygyrlary — terbiýe mekdebi

01.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe medeniýetimize, sungatymyza medeni mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize, uly sarpa goýulýar. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bütin dünýäde öwrenilýär. Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgüsini, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär. Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragy halkyň şahyry hökmünde dünýä edebiýatynda orun aldy. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar. Halkymyzyň beýik akyldary hem-de söz ussady Magtymguly Pyragy çuň manyly eserleri bilen diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynda hem nusgalyk yz goýdy. Onuň döreden şygyrlary ähmiýetini ýitirmän, ýyllar geçdigiçe altyn ýaly şöhle saçýar, gadyr-gymmaty artýar, gerimi giňeýär.

Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip gidiji bolma.

Bu goşgy setirlerinde şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, onuň gadyr-gymmatyny tekrarlaýar. Akyldar şahyr Watany ezizläp, waspyny ýetiripdir. Şahyryň goşgularynda il-gün, Watan hakynda çuňňur pikir ýöredilýär.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary her bir ynsany ata Watanyňy söýmäge, halka wepaly gulluk etmäge, oňat gylyk-häsiýetli bolmaga çagyrýar. Şahyr özüniň ynsanperwerlige ýugrulan beýik şygyrlarynda ýamany ýazgaryp, ýagşyny wasp edipdir. Şahyr öz döredijiliginde ýaş nesli terbiýelemekde, edep-ekram öwretmekde uly ähmiýete eýe bolan gymmatly pikirleri öňe sürüpdir. Magtymguly:

Akyl olsaň, ýagşylara hemdem bol,

Akmak özün nadan bilen ýar eýlär –

diýen setirleriň üsti bilen ýaramaz endiklerden, şeýle häsiýetli adamlardan daşda bolup, ýagşy, il-güne haýyrly işleri amal etmegi ündäpdir.

dsc 0123 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly: «Asla adamzada ajy söz urma» diýip, süýji sözli bolmagy, birek-birege hemaýat etmegi,  hoşniýetli gatnaşykda bolmagy, ulyny sylamagy, kiçini ynjytmazlygy wesýet edipdir. Watanyny gözüniň göreji deýin goraýan gahryman, mert, gaýratly, gaýduwsyz, ar-namysly ýigitleri buýsanç bilen wasp edipdir. Şahyr «Ýar gerekdir» atly goşgusynda:

Goç ýigitler il üstünde,

Namys bilen ar gerekdir –

diýip, il-halka söýgini, Watanyň, halkyň bähbidi ugrunda göreşmegi ündeýär. Ata Watany goramagyň mukaddesdigini nygtaýar. Şahyr jomart, sahy, myhmansöýer, supra ýaýyp, il-güne hyzmat edýän ýigitleri wasp edýär.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyraga, onuň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Merjen ALLADURDYÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

volga THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Welosiped sporty — sagdynlyga badalga

1600px respiratory tract THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bronhografiýa we Tomografiýa

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop