Dark
Light
25.01.2026
1600px respiratory tract THE ASHGABAT TIMES

Bronhografiýa we Tomografiýa

01.04.2024

Bronhografiýa – Dem alyş turbajyklaryna kontrast goýbe-rip, olaryň suratyny almak. Bu usul arkaly ululy-kiçili dem alyş ýodajyklaryň anatomiýasy öwrenilýär. Olaryň howa geçiriş ukyby takyklanylýar. Bu usuly ýokarky dem alyş ýollaryny anesteziýa edilen-den soň, kontrast maddalary, ýagny lipoidol, ýodalipol sulfademeziniň külkesi bilen gatyşdyryp goýberilýär. Anesteziýa bolsa, 1%-li dikaini bokurdaga pürkmek arkaly amala aşyrylýar. Birtaraplaýyn bronho-grafiýa üçin uly adamlara 25 – 30 ml kontrast gerek bolýar. Soňky döwürlerde ýoduň ýagdaky ergininden başga-da, aýratyn hem çaga-larda suwdaky ergini, ýagny jeladon diýen serişde köp ulanylýar. Ol serişde öýkeniň öýjüklerine (alweolalara) ýetmän gana sorulýar.

Tomografiýa usuly tomograf guralynyň kömegi bilen öýken birnäçe gatlaklara bölünýär we şol gatlaklaryň gurluşy kesgide öwre-nilýär. Tomografiýa usulyny ýerine ýetirmek üçin, öňürti hökmany su-ratda iki halatda ýönekeý rentgenografiýa edilýär. Şony edeniňden soň, haýsy öýkeniň nähili gatlaklara bölünmelidigi takyklanylýar. Şonda synanyň ortasyndan bir ädim öňi bilen yzy surata düşürilýär. Ortadan edilen tomografiýada, gapyrganyň şekili surata düşenok. Öňden edilende öňki, yzdan edilende yzky gapyrgalaryň galyndysy düşýär, şolara görä, tomogrammalaryň haýsy çuňlukda edilendigi kesgitlenilýär.

snimok ekrana 128 THE ASHGABAT TIMES

Jennet KAKAMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsc 0109 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Akyldar şahyryň şygyrlary — terbiýe mekdebi

caption THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat ― London ― Aşgabat howa gatnawy ýola goýlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop