Türgenler ýaryşlara taýýarlanylanda esasy göz öňünde tutulmaly meseleler bolýar we şolar esasynda ýaryşlara taýýarlyk görülýär. Ola-ra şu aşakdakylar degişlidir:
– ýylyň dowamynda esasy ýaryşlaryň sany (sport oýunlaryny ha-saba almazdan) 3–4-den köp bolmaly däldir. Esasy ýaryşlar ýaryş senenamasynda (kalendarda) yzygiderlilikde kynçylyklaryň ýokarlanma derejesinde berilmelidir (ilki ýönekeý ýaryşlarda, soň esasy resmi ýaryşlarda çykyş etmeli);
– ýaryşlaryň yzygiderliligi meýilleşdirilende türgenleriň bedenleriniň dikelmegini hem taýýarlygynyň ýokarlanmagyny göz öňünde tutmalydyr;
– ýaryş senenamasy düzülende ýaryşyň sanyny we kynçylygyny göz öňünde tutup, türgeniň esasy ýaryşlarda iň ýokary (maksimal) mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen bolmalydyr;
– ýaryşlardan öň türgenlere ýaryşyň maksadyny, mazmunyny we wezipesini düşündirmeli;
– ýaryşlardan öň türgene taýýarlygynyň güýçli we gowşak taraplaryny, kemçiligini duýdurmaly, garşydaşy barada maglumatlary ýetirmeli. Bu türgenleriň ýaryşlara bolan gözýetimini we taktiki pikirlenişini artdyrmaga kömek berýär;
– türgenleriň ýaryşa taýýarlygy geçiriljek ýaryşlaryň şertlerine we enjamlaryna (howa şertleri, wagty, gurallar we ş.m.) baglylykda görülmelidir;
– ýaryşlar türgenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga we oňa gö-zegçilik etmäge gönükdirilen bolmalydyr;
– türgenleriň ýaryşa taýýarlygy ýaryş işjeňligine oňaýsyz täsir edýän ýagdaýlary aýyrmaklyga gönükdirilen bolmalydyr.
Şu ýokarky aýratynlyklar göz öňünde tutulyp, türgenleri ýaryşlara taýýarlaýjy meýilnama düzülýär.
Nurgül HAMRAÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy