oliver 720x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Dünýädäki iň gymmat myhmanhana haýsy?

03.04.2024

Häzirki zaman dünýäsinde ähli yklymlarda we ähli ýurtlarda syýahatçylyk infrastrukturasy ösdürilýär. Syýahatçylaryň dürli talaplaryna we maliýe mümkinçiliklerine laýyklykda, birnäçe myhmanhanalar hödürlenýär. Olaryň her biri myhmanlaryň isleglerini iň ýokary derejede kanagatlandyrmagy maksat edinýär. Käbirleri üçin arassa otag we iň az mebel ýeterlik bolsa, beýlekiler kaşaň hem-de döwrebap myhmanhanalar bolmazdan syýahat etmegi göz öňüne getirip bilmeýärler.
Şeýle syýahatçylar üçin ajaýyp interýerli, içerki infrastrukturasy ösen we myhmanyň her bir islegini çaklap hem kanagatlandyryp bilýän ýokary hünärli işgärleri bolan myhmanhanalar hyzmat edýär. Ýöne beýle myhmanhanalar arzan düşmeýär.


Eýsem, Dünýädäki iň gymmat myhmanhana haýsy? Bu soragyň jogaby 2016-2017-nji ýyllardan bäri öňdebaryjylygy saklap gelýän “Lover’s Deep British Submarine Hotel” myhmanhanasydyr. Bu adaty bolmadyk myhmanhana. “Oliver’s Travels” syýahatçylyk kompaniýasynyň taslamasy syýahatçylara bäş ýyldyzly  interýeri bolan gämi – myhmanhanasynda suwa çümmek arkaly ajaýyp syýahata gitmäge mümkinçilik berýär. Birnäçe ýüz metr çuňluga çümüp bilýän hakyky suwasty gämi  Karib deňzine romantik syýahat etmäge taýyn iki adam üçin aýratyn desgadyr.  Myhmanlar kompaniýa bilen öňünden ylalaşyk arkaly Karib adasyndan myhmanhana girip bilerler. Lýuks öýjüklerde olara şampan, deňiz işdäaçarlary, miweler we şokolad garaşýar. Bu myhmanhana myhmanlaryna iň ýokary hyzmatlary edýär. Dykgat bilen işleýän gämi işgärleri siziň ýaşamagyňyzyň amatlylygy bilen baglanyşykly ähli islegleri birkemsiz ýerine ýetirer we aşpezler myhmanlaryň isleglerini göz öňünde tutup, iň ýakymly tagamlary taýýarlar.
Ýöne şeýle dynç alyş  syýahatçylaryň köpüsi üçin elýeterli däl. 2017-nji ýylda bu myhmanhanada bir gije galmak 145 000 dollar bolan bolsa, häzirki wagtda 150 müň dollardan gowrakdyr. Bu oteliň ýene bir aýratynlygy onda iň azyndan 2 gün bronlamak meselesine seredilýär.


Ýeri gelende belläp geçsek, bu oteliň degişli bolan ýurdy – Sent-Lusiýa ada döwleti şol bir atdaky adada ýerleşip, onuň meýdany 616 km². Sent Lýusiýa Milletler arkalaşygynyň agzasy we Boliwariýa bileleşiginiň (ALBA) agzasydyr.

Döwlet ÇARYHOJAÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:12 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
cgcey61pkhycxctdbpfesiagrurfmp3r5peyac7tbvjwgfqu4j8wmyybjqjb 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady

discipliny legkoj atletiki THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝEŇIL ATLETIKA

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop