47198489 f143 4e09 b1a2 0b354d10d7d8 THE ASHGABAT TIMES

Söwda bilen baglanyşykly hünärler

20.02.2024

Iş saýlanyňyzda, öz mümkinçiligiňiziň çäginde başaryp biljek, özüňize ýakyn bolan hem-de ondan lezzet alyp biljek işiňizi saýlaň.
Söwda – bu onlaýn däl we onlaýn satuwlaryň ähli görnüşlerini, şol sanda daşary ýurt şerejetlerinden haryt eksportyny we importyny öz içine alýan, çalt ösýän hem-de işjeň pudakdyr. Üstünlikli kärhana gurmak üçin, söwda sferasy ykdysady görkezijiler, bazar mehanizmleri, maliýe seljerişi we alyjy psihologiýasy baradaky bilimleriň ähmiýeti bilen häsiýetlendirilýär. Söwda hünärleri gönüden-göni satuw, menejerler, logistika we marketologlar bilen baglanyşykly toparlara bölünýär.
Bazar öwreniji (marketelog).  Söwda kärhanasynyň teklibi bilen maksatly diňleýjiniň jedelini birleşdirýän, ussat dörediji we gözlegçi.
Onuň jogapkärçilikleri: Bazary öwrenmek; Bäsdeşleriň işine monitoring etmek; Nyrhlary emele getirmeklige gatnaşmak; Maksatly diňleýjileri gyzyşdyrmak; Hemişelik müşderileri saklamagyň üstünde işlemek;  Sarp edijileriň synlaryna we teswirlerine esaslanýan önümlere ýa-da hyzmatlara talaplary döretmek; Geljegi uly satuw akabaryny we bazar segmentlerini kesgitlemek; Marketing gözlegleriniň netijelerine esaslanýan meýilnamalaşdyrmak we çaklamak.
Marka dolandyryjysy. (Brend menejer) Guramanyň  mertebesi we tanymallygy üçin jogapkär hünärmen.
Esasy wezipeleri: Markanyň konsepsiýasyny işläp düzmek we wizual dizaýnyny ösdürmek; Dizaýnerler, grafiki dizaýnerler, programma üpjün edijiler we mahabat berijiler üçin döredijilik we tehniki ýumuşlary taýýarlamak; Kärhananyň maglumat platformalarynda we metbugatda tanyşdyrylyşyny gurnamak ; Kärhananyň ýörelgelerini we däp-dessurlaryny sarp edijilere ýetirmek; Müşderiniň ynamyny we höwesini ýokarlandyrmak. Marka dolandyryjysy, satuw nukdaýnazaryndan yzda galan bir markanyň ýa-da önümleriň belli bir görnüşiniň öňe gitmegi bilen meşgullanýar.
Logistik.  Satyjydan sarp edijä çenli önümiň zynjyry üçin jogapkär ulag derňewçisi. Jogapkärçilikleri:  Logistika shemalaryny we ugurlaryny düzmek; Ulag kompaniýalary we daşaýjylar bilen aragatnaşyk saklamak; Ulag çykdajylaryny göz öňünde tutup, täsirli satuw kanallaryny saýlamak we haryt satyn almak; Müşderilere önümleriň ýetirilmegini guramak. Hünärmenler söwda kärhanalarynyň doly işleýän işgärleriniň bir bölegi bolup biler ýa-da hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça işleýärler we daşaýjylaryň bähbitlerine wekilçilik edýärler.
Gözegçi. (Superwaýzer) Dükanyň işine gözegçilik edýän,  satuw meýdançasynyň dolandyryjysy. Ýerine ýetirýän işleri: Satyjylaryň, söwdagärleriň we hasapçylaryň işini guramak; Satuw meýdanynda harydyň ýerleşişine, bahanyň kesgitlenmegine we  harydyň goruna gözegçilik etmek; Müşderiler bilen aragatnaşyk; Jedelleri we dawa ýagdaýlaryny çözmek.

Satlyk MUHAMMETBERDIÝEW
Türkmenistanyn Söwda we dasary
ykdysady aragatnasyklar Ministrliginiň
Sowda-kooperatiw mekdebiniň
okuw isler boyunca orunbasary

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
Art deko THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Art Deco Günbatar Ýewropada we ABŞ-da 1920-nji ýyllarda peýda boldy

c30a8fd9a908e9203899cf88fff87057 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kerpiç jaýlaryň artykmaçlyklary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop