04.04.2024 senede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Täjigistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Arkadagymyz bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.
Ýeri gelende, şu günler Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyzdan uly wekilçilikli toparyň hem täjik topragynda bolýandygyny bellemeli. Iki ýurduň ylmy-döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek ylmy duşuşyk, türkmen-täjik işewürlik maslahaty hem Milli Liderimiziň saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirip, aýry-aýry ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşmaça itergi berer.