Dark
Light
25.01.2026
6062a8b8af268410993966 THE ASHGABAT TIMES

Gaz görnüşli maddalary daşaýan turbageçirijiler

14.04.2024

Turbageçiriji, gazly we suwuk maddalary, tozan däneli we suwuklandyrylan massalary, şeýle hem turbanyň kese kesiginde basyş tapawudynyň täsiri astynda gaty ýangyç we beýleki gaty maddalary suwuk görnüşe öwrüp, daşamak üçin döredilen inžener tehniki desgasydyr.

Işleýiş maksadyna baglylykda turbageçirijiler aşakdakylara bölünýär:

ýatak turbageçirijileri;
esasy turbageçirijiler;
bug we gyzgyn suw turbageçirijileri;
tehnologiki turbageçirijiler;
gaz üpjünçilik turbageçirijileri (paýlamak);
suw üpjünçiligi we lagym turbageçirijileri.

Gaz görnüşli maddalary daşaýan turbageçirijiler şulary öz içine alýar: gysyjy stansiýa, gaz paýlaýyş stansiýasy, kranlar, turbageçiriji armaturalar, diregler, oturgyçlar, berkitmeler, çarçuwalar, bintler, flanesler, egilmeler, wilkalar, klapanlar, petikler.

Turbalary öndürmek we dürli maksatlar üçin turbageçirijileri gurmak üçin ulanylýan poladyň köp mukdary pes uglerodly we pes ugleturşuly polatlar bolup, olaryň akyjylyk çägi 500 MPa çenli baryp ýetýär. Dürli maksatlar üçin turbageçirijiler gurnalanda polatdan ýasalan turbalary kebşirlemek üçin tehnologiki prosesler biri-birinden az tapawutlanýar.

Esasy magistral turbalary kebşirlemek üçin dugaly(arkaly) kebşirlemek usullary has giňden ulanylýar. Bu turbageçirijileriň ähli sepleriniň 60% -den gowragy awtomatiki suw asty(flýuns) arkaly kebşirlemek usulyndan kebşirlenýär. Suw asty kebşirlemek diňe bogunyň aýlanmak mümkinçiligi bolan ýagdaýlarda ulanylýar. Turbageçirijileriň şeýle kebşirlemesi, esasan, diametri 219 … 1420 mm bolan iki we üç turbaly şahalanan bölegi öndürmekde awtomatlaşdyrylan usul bilen ulanylýar. Mehanizmleşdirilen usullary ulanmak mümkin bolmadyk halatynda, el bilen arkaly kebşirlemek ulanylýar.

Pensilwaniýa nebitçisi J.L.Hutchinson ilkinji bolup 1862-nji ýylda hakyky turbageçirijini gurdy. Ol depeden çykyp, nebiti gaýtadan işleýän zawoda gidip, sifon düzgüni boýunça işläpdir.

Agageldi WELMYRADOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

075b8ef1e6dd7229279c47dadf611984 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Iň uzak uçuşlar

oasis of the seas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Royal Caribbean International” şereketi dünýädäki iň uly kruiz gämisini synagdan geçirdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop