THE ASHGABAT TIMES

Ýer ýüzünde iň uly çöl

16.04.2024

Çöl – bu gurak sebit bolup, her ýylda 250 mm-den az ygal düşýär. Ýagyn gar, ýagyş, jöwenek ýa-da duman görnüşinde bolup biler, ýöne ählisi bile aýdylýan mukdardan geçmeli däldir. Mundan başga-da, çölleriň aýratynlyklarynyň biri, sebitine görä ýagyn görnüşinde kabul edýän suwunyň mukdaryndan , bugarmak arkaly sarp edýän suwunyň agdyklyk etmegidir. Bu ölçegleriň hemmesini nazara alsak, dünýädäki iň uly çölüň Antarktika çölidigine göz ýetirýäris. Onuň meýdany 13,8 million inedördül kilometre deňdir. (deňeşdirmek üçin: Saharanyň meýdany 9,1 million inedördül kilometr). Antarktika çölünde ýyllyk ýagyş 51 mm-den az. Bu pes görkezijä garamazdan, tizligi sagatda 320 km çenli ýetýän güýçli tupanly sebitler seýrek däl.

Iň uly çöl diýlip atlandyrylýan meşhur Sahara çöli, Ginnesiň rekordlar kitabyna Ýerdäki iň uly yssy çöl hökmünde girizildi.
Sahara çöli Afrika yklymynyň dörtden bir bölegini tutýar. Günbatardan gündogara takmynan 5 müň kilometre, demirgazykdan günorta – ortaça 1200 kilometre çenli uzalyp gidýär. Çöl meýdany takmynan 9,1 million km² ,ýagny, Braziliýadan uludyr.

Sahara çölüniň daşly, çägeli, takyrlykly bölekleri bolup, demirgazyk Afrikada ýerleşýär. Ol Alžiriň, Çadyň, Müsüriň, Liwiýanyň, Maliniň, Mawritaniýanyň, Marokkanyň, Nigeriň, Sudanyň, Tunisiň we Günbatar Saharanyň belli bir böleklerini öz içine alýar.

Selbi ALLAÝAROWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
12154 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

IPv4 Internet protokolynyň (IP) dördünji tapgyry

e984413d7ad764a6e52bc8c70cb44be0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iň gymmat bahaly pagtalar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop