Şekilleri kabul etmek

16.04.2024

Çaganyň syn edýän şekillerini şertli şeýle toparlara bölmek bolar: predmet şekilleri – nähilidir bir zat şekillendirilen; sýužetli şekiller – birnäçe adamlar we waka aňladylan; peýzažlar – tebigatyň önüm leri we ha dysalary aňladylan, mazmunly şekiller – nähilidir bir önümçilik, zawod, fabrik, ussahana …we dardaky adamlar şekillendiri len; syýa-sy-jemgyýetçilik wakalary – baýramçylyk, şanly seneleriň bellenilişi we ş.m. Şekilleri kabul etmegiň ösüşiniň şeýle ugurlary bar:

Şekili hakykat bilen laýyk getirip bilşi, ýagny nämäniň şekillen-dirilendigini görmegi, ýüze çykaryp bilşi ösýär.

Şekiliň mazmunyny, zatlaryň arabaglanyşygyny ýüze çykaryp bil şi ösý

Şekillere, ondaky zatlara, wakalara garaýyşlary, bahalary üýtge-ýär, täze emosiýalary, duýgulary döreýär.

Kiçi ýaşly çaga üçin şekil zatlaryň, hakykatyň gaýtalanmagy, onuň bir görnüşi bolup durýar. Olar üçin şekildäki zatlara hem ha kyky zatlardaky häsiýetler mahsus bolýar. Meselem, çaga şekildäki owla-jygy, oňa golaýlaýan möjekden elleri bilen ýapyp goraýar. Şe kildäki zatlar bilen hakyky zatlardaky ýaly täsirleri ýerine ýetirmek müm-kin däl. Şekildäki almany iýmek mümkin däl. 4 ýaşlylar oňa düşünip başlaýarlar, meselem, “Ondan gorkma, ol şekil ahyryn” diýýärler.

Çagalar reňkiň üsti bilen öz emosiýalaryny, duýgularyny beýan edýärler. Ol şekilleri reňklemekde aýdyň ýüze çykýar.

Şekildäki proporsiýa, perspektiwa düşünmek 5-6 ýaşlarda baş-lanýar. Meselem, şekilde bärde bir gat jaý, aňyrda iki gat jaý görkezi len. Perspektiwa düşünmese bärdäki jaýy uly hasaplaýar. Oňa düşünmegi üçin özüniň birmeňzeş zatlary, meselem, uzaklaşyp gidýän ýoluň gap-dalyndaky agaçlary, telegraf sütünlerini we ş.m. şekillendirmek öwre-dilýär.

Özlerine şekili çekdirmek, taýýar şekiller boýunça beýan et-mek, aja ýyp sungat eserleriniň nusgalaryny görkezmek, muzeýlere, ser gilere, ekskursiýa äkitmek çagany çeperçilik ugurda ösdürmegiň serişdeleridir.

Enejan ATAGELDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:41 am, Nov 23, 2024
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 81 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Dünýäde sagat guşaklyklary bilen bagly bolan birnäçe täsin wakalar

Next Story

Duýgularyňy dolandyrmak

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop