Duýgularyňy dolandyrmak

16.04.2024

Emosiýalar hemişe işlenilmeýär, sebäbi olar agdyklyk edenlerinde işiň gurnalmagyna päsgel berip, ýä-da olaryň daşky ýüze çykmasy adamy oňaýsyz ýagdaýa salyp biler. Mysal üçin: onuň beýleki adama bolan duýgularyny ýüze çykarsa. Başga bir tarapdan, emosional göteriliş, oňat keýp adamyň haýsydyr bir işi, aragatnaşygy amala aşyrmagyna ýardam berýär.

Kiçi çaganyňemosional ýagdaýyny sazlamagyň zerurlygy baradaW. M. Behterew ýazyp, ol oňaýly (položitel) emosiýalaryň başdan geçirilmegi çaganyň kadaly ösüşine, şol sanda intellektual ösüşine-de ýardam edýär diýip belleýär.”Razy we şadyýan çaga oňat iýmitlenýär we aşgazana gelýän zatlary gowy özleşdirýär, ol has çus, güýçli we zähmete ukyply, oýunlara gowy üns berýär we ähli meselelerden aňsat baş çykarýar.”

W. M. Behterew çagada oňaýly emosiýalary döretmek üçin oňa dogry seretmegiň ornuny belleýär. “Bir gowy zat –tebigaty boýunça dogry ösýän çaga begençli emosional ymtylyşa eýe bolýar. Emýän çaga oňat ene süýdüniň berilmegi, eşikleriniň gurulygy, endamynyň arassa saklanmagy emýän çaganyň şadyýan ýagdaýa eýe bolmagy üçin ýeterlikdir.

Çaganyň soňraky ösüşinde ony islendik öýunjak, duýdansyz uçup giden kebelek ýa-da islendik özünde ýakymsyz täsir saklamaýan zat şatlandyrýar.

Ahyrynda hem, şadyýan çuslandyrýan emosiýanyň çeşmesi bolup, çaga elýeterli bolan işler hyzmat edýär. Ol işler ony gyzyklandyrýar. Eje ýa-daterbiýeçi bu gyzyklanmasynygoldamasa, aýyp bolar”.

Maral ATAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:54 am, Sep 20, 2024
temperature icon 19°C
небольшой дождь
Humidity 48 %
Pressure 1017 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Şekilleri kabul etmek

Next Story

Sosial-psihologik eksperiment

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop