THE ASHGABAT TIMES

Magtymgulynyň söýgi lirikasy we sufizm

19.04.2024

Magtymgulynyň türkmen halkynyň ruhuna ýugrulan köp gyraňly poeziýasy ýönekeý adamy wasp edip, hakykat we gumanizm, halkyň bagtly durmuşyny arzuwlap, ýagşylygyň ýamanlygy we adalatsyzlygy hökman ýeňjekdigi baradaky ideýalary öňe sürýär. Emma hakykaty açyp görkezmek üçin gözlegleri, ynsanyň durmuşdaky ornuna, ýaşaýşyň manysyna düşünmek islegleri döredijiliginiň bellibir döwürlerinde Mag­tymgulyny sufizm filosofiýasyna getirýär.

Magtymgulyny sufizme getiren sebäpleriň biri, biziň pi ki rimizçe, sufizmiň käbir wekilleri ynsan düşünjesini öz tag ly matynyň merkezinde goýupdyrlar we adamy Hudaýyň ýaradan, onuň ruhy siňen iň bir gözel jandary hasaplap­dyrlar.

Magtymgulynyň döredijiliginde sufizm meselesi örän çyl şy rymly we köptaraply. Şeýle ugurlaryň biri­de, şahyryň dünýewi söý gi lirikasyny onuň sufistik goşgularyndan ta­pawutlandyrmak bolup durýar. Munuň kynçylygynyň sebäbi sopuçylyk ideýalaryna ýugrulan goşgularda dünýewi söýgi lirikasynyň adalgalary, ob razlary ulanylýar; şahyrlar Hudaýa öz magşugy ýaly ýüzlenýärler.

Biz bu işde Magtymgulynyň söýgi lirikasynyň we su­fistik mazmunly goşgularynyň käbir aýratynlyklary we olary bir­bi rinden tapawutlandyrmak barada durup geçmek çi

Sopuçylyk poeziýasy adaty dünýewi söýgi lirikasynyň ob razlaryny we adalgalaryny öz eserlerinde ulanyp, olara mis ti ki we allegoriki (göçme) many berýärler. Meselem, «al ýa ňak» – Hudaýyň tebigatyny, «gara zülp» – Hudaýyň sy­ry ny we ony bilmekligi, «gyrmyzy dodaklar» –ruhy lezze­ti we syrly şepagaty, «meý» – Hudaýyň söýgüsini, «saky»– mür şidi, «harabat» (meýhana) – Hudaýyň meýiniň içilýän ýe ri ni, adamzat jemgyýetini we ş.m.1 Şol sebäpli Gündogar ede bi ýaty nyň orta asyrlara degişli eserlerinde dünýewi söý­gi li ri kasyny mistiki, sufistik lirikadan tapawutlandyryp, söý gi ob ýektiniň (ynsanmy ýa­da Hudaýmy) kimdigini anyk la mak kyn.

Abdylhalil AMANOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
magtymguly pyragy turkmen poet shahyr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

YŞK MEKANY ATAŞ

snimok ekrana 165 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AMERIKAN-TÜRKMEN AKAPPELLA KONSERTLERI DAŞOGUZDA WE AŞGABATDA DIŇLEÝJILERINI BEGENDIRDI

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop