JÖWENIŇ HASYLLY SORTY

24.05.2024

Oba hojalyk ekinleriniň esasylarynyň biri bolan jöwen ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda köpçülikleýin ekilýän ekinleriň biri hasaplanýar.Jöweniň unundan türkmeniň milli naharlary bolan bulamak,kürtük hem-de zagara çörek,dänesinden köje ýaly iýmitler taýýarlanýar.

Jöweniň birnäçe sorty bolup, olaryň içinde iň hasyllysy 39269 sorty hasaplanylýar. Ýokary hasylly, tiz bişýän bu jöweniň dänesiniň daşynda gara, ýaldyrawuk gabyk bolýar, gabygynyň içindäki dänäniň reňki sary. Jöweniň bu sorty topragyň temperaturasynyň 18-20 gradus gyzan mahaly ekilýär. Ýerli we mineral dökünleriň berilişi mekgejöweniňkä meňzeş. Jöwen ekiljek ýer tekizlenip suwarylýar, ýer taba gelenden soň sürülip, hatar arasy 60,90 santimetr edilip ekilýär. Bir gekdara harçlanýan tohumyň möçberi 25-30 kilogram.

Daýhanlaryň arasynda “ Jöweni çaňa ek, bugdaýy laýa” diýen gürriň bar, sebäbi, jöweniň tohumy topraga aralaşandan gögermek bilen bolýar. Ekilenden soň 40 gün geçýänçä jöwen suwy kän bir küsemeýär. Bu döwürde däne almak üçin ekilen jöwen otalýar, ýekelenýär. Düýpleriniň arasy 25-30 santimetr edilip goýulýar. Ösüş döwrinde 3-4 gezek suwarylsa-da hasyl berýär.

Jöweniň bu sortynyň hem ösüş döwri gysga, 90-95 gün bolýar. Jöweniň baldagynda 10-11 sany bogun emele gelýär. Ýapragynyň uzynlygy 90 santimetre çenli, ini 5-6 santimetr bolýar. Başynyň uzynlygy 28-30 santimetr.

Garaşsyz diýarymyzyň günorta etrabynda jöweni bir ýylda iki gezek ekip almagam, aralyk ekin hökminde bugdaýyň yzyna ekmek hem mümkin. Jöwen dänesiniň azyklyk, iýmlik ähmiýeti oba hojalyk pudagynda guşçulygy, maldarçylygy ösdürmäge, olardan alynýan önümiň hiliniň ýokary, bahalarynyň arzan bolmagyna düýpli täsir eder.

Laçyn SARYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:42 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Tebigy baýlyklar

Next Story

DZ-ED х ARSI х DOWIK – ýene-de BKmedia show “Hereketde”

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop