Dark
Light
28.01.2026
p0d2r289 THE ASHGABAT TIMES

DEBAGGER-SAZLAÝJYLARDAN goranmak

22.04.2024

1.OllyDebug sazlaýjynyň mümkinçilikleri.
2.OllyDebug sazlaýjyny programmalaryň goragyny döwmekde ulanmagyň esaslary.
3.Debaggerleri ulanman maşyn kodundaky gizlin maglumatlary kesgitlemek.
4.OllyDebug programmasynda programmalaryň seljerilmesiniň mysallary.
5.Maşyn koduny debaggerlerden we beýleki hüjümlerden goramak:

–Ýaşyrmaly maglumatlary reýestrde ýerleşdirmek we olary faýlyň programmanyň maşyn kodunyň içindäki maglumat-lar bilen baglaşdyrmak;–Olara bolan ýollary maşyn kodunda şifrlemek;
–Programmada şertli geçişleri ýaşyrmak;
–Boş geçişleri guramak;
–Debagger arkaly goýberilendigi barada habar berýän programma koduny düzmek.

Mundan öňki bölümlerde biz maglumat goragynyň birnäçe usul­laryna seredip geçdik. Olaryň her biriniň artykmaçlygy bar hem bolsa, ýetmezçilikleri hem az däl. Bu ýetmezçilikler şol gorag usullaryň her biri üçin aýratyn hem bolsa, olary birleşdirýän ýetmezçilik hem bardyr. Bu debagger arkaly hüjümdir.

Mundan öňki bölümlerde biz maglumat goragynyň birnäçe usul­laryna seredip geçdik. Olaryň her biriniň artykmaçlygy bar hem bolsa, ýetmezçilikleri hem az däl. Bu ýetmezçilikler şol gorag usullaryň her biri üçin aýratyn hem bolsa, olary birleşdirýän ýetmezçilik hem bardyr. Bu debagger arkaly hüjümdir.

Sazlaýjylaryň köp dürli görnüşleri bar: SoftICE, OllyDebug, IDA we ş.m. Windows­platformalar üçin bar bolanlaryň hemmesiniň arasynda has meşhur bolup Numega firmasynyň SoftICE önümi çykyş edýär. Onuň iň esasy aýratynlygy bolup, goragyň 0­njy halkasynda işlemeklik çykyş edýär. Gorag halkalary Intel firmasynyň 32­derejeli prosessorlaryň gurluşlarynda ýerine ýetirilýän programmalaryň özara we amallar ulgamy bilen baglaşmagyny çäklendirmek üçin ulanylýar. Adatça, amallar ulgamy hemme beýleki ýerine ýetirilýän program-malara bolan doly elýeterlilik hukugyna eýe, sebäbi ol goragyň 0­njy halkasynda işleýär, ulgamlaýyn meseleler 1­nji we 2­nji halkalarda, goşundylar 3­nji halkada işleýär. Goýberilen goşundylary bölekleýin dolandyrmagy goragyň 1­nji we 2­nji halkalaryndan amala aşyrmak mümkin. Hut şeýle ýagdaýda sazlaýjylaryň köpüsi işleýär. SoftICE amallar ulgamynyň özeni ýüklenmezden öň ýüklenýär we diňe ulgam tarapyndan ýerine ýetirilýän hemme meseleleri gözegçilikde sakla-man, eýsem amallar ulgamynyň özüni hem gözegçilikde saklamagy mümkin edýär.

Kitabyň bu bölüminde esasy maksat – debaggerler arkaly programmalaryň goragynyň döwülmegini amala aşyrmak däl­de, ony seljermek, seljermegiň esasynda oňa garşy programma kodlary işläp düzmek. Munuň üçin ýönekeý hasaplanylýan, emma şol bir wagtda öndürijilikli bolan debagger­sazlaýjy – OllyDebug programmasynyň işine serediler.

Didar BAÝRAMOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn durmuş ýörelgesi

password security tips feature THE ASHGABAT TIMES
Next Story

PAROL GORAGYNYŇ KÄBIR MESELELERI

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop