- Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, 3-nji iýunda Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmegini, şeýle hem bu baýram mynasybetli Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda bedenterbiýe-sport çäreleriniň talabalaýyk geçirilmegini tabşyrdy.