Salam

21.02.2024

Her bir güni “biri-birinden gowy” diýip taryha ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Döwletimizde ýaşlara uly ynam bildirilýär , çünki olar ýurdumyzyň ýagty geljegini kepillendirýär. Bu günki gün ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, häzirkizaman innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, tehnikanyň soňky ýeten derejelerinden habarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. 

 Güneşli Diýarymyzyň bilim ulgamynda dünýäniň ösen döwletleriniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň  bilim we ylym merkezleri bilen hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Çünki, Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynyň 1-nji maddasynda  “Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar”  diýip bellenilýär. Indi ýurdumzyň orta mekdeplerinde, hünär we ýörite orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde öz ene dilimizden başga-da birnäçe daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek hökmany bolup, öwrenmegiň we öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň her bir raýatyna mekdebe çenli çagalar bagyndan başlap, daşary ýurt dilleri hökmünde iňlis, rus dilleri öwredilip başlanylýar. 

 Ýurdumyzda ähli ýaşlara bilim babatda döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.  Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda “ Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynda 2023-nji ýylda Ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göteren ýaşlaryň sanawy ýerleşdirildi. 

 Şeýle bagtyýar günlerde ýaşlara okamaga, kämil derejede bilim almaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly Serdarymyza uly alkyşlar aýdýarys. 

Ogulgerek BATYROWA
Lebap welaýaynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
Kärdeşlr Arkalaşygynyň başlygy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:27 am, Sep 20, 2024
temperature icon 20°C
небольшая облачность
Humidity 42 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Kiberhowpsuzlyk – maglumatlaryň goraglylygynyñ binýady

Next Story

Biologiýada ewolýusiýa

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop