Wakuum dörediji ulgamlar

29.05.2024

Wakuum barometriki kondensatorlar we wakuum nasoslar (porşenli, rotasion, ežektorly ýa-da akymly) bilen döredilýär, olary dürli yzygiderlikde çatyp bolýar.

Barometriki kondensator -ežektor. Bu shemada wakuum sütüniniň ýokarsyndan çykýan buglar dessine barometriki kondensatorynda kondensirlenýär we soňra wakuum nasosy (adatça bug ežektory) bilen sorulyp alynýar. Barometriki kondensatordaky galyndy basyş çykýan suwuň temperaturasyna bagly, ýöne ol şol temperaturadaky doýgun suw bugunyň basyşyndan pes bolup bilmeýär; diýmek wakuum kondensatordan çykýan suwuň temperaturasy bilen kesgitlenýär.

Garyşdyrma barometriki kondensatorlaryndan çykýan suw nebit önümleri we kükürtli birleşmeler bilen hapalanýar, käwagt mazudyň agramynyň 5,5% (agram) mukdaryna çenli. Şol sebäpli hapa suwuň köp bolmazlygy üçin barometriki kondensatorlarda aýlaw edýän suwy ulanýarlar. Ýöne bu ýagdaýda garyşdyrma barometriki kondensatorlaryna berilýän suwuň temperaturasy biraz ýokarlanýar.

Garyşdyrma barometriki kondensatorlaryny, turba ýylylyk çalyşyjylary üst ýüzli barometriki kondensatorlar bilen çalyşmak, tehnologiki görkezijileri boýunça soňkylar garyşdyrma kondensatorlaryndan ep-esli üstün gelýänligine garamazdan, ýönekeý we ykdysady taýdan maksadalaýyk bolup durýar. Üst ýüzli kondensatorlarda kondensirlenýän nebit önümler sowadyjy suw bilen gowşadylmaýar, bu bolsa olaryň çökdürijide we barometriki guýuda toplanýan kondensadyndan bölünmegini aňsatlaşdyrýar. Şol bir wagtda ežektoryň birinji basgançagyndan zyňylýan buggaz garyndydaky kükürtli wodorody tutmak zerurbolup durýar.

Ežektor-barometriki kondensator. Bu shemada buglar wakuum sütüniniň ýokarsyndan göni ežektora berilýär we wakuumyň çuňlugy barometriki kondensatordan çykýan suwuň temperaturasyna bagly däl. Netijede, çuň wakuum döredilýär (galyndy basyş 6,65-13,3 gPa, ýa-da 5-10 mm sm.st.) we wakuumyň çuňlugy ežektordan çykýan ýerde garşylyk basyş bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin çuň wakuum döretmek üçin birnäçe ežektorlary yzygider birikdirýärler. Bular ýaly ulgam birinji seredilen ulgamdan gymmat düşýär, sebäbi ežektor sütüniň ýokarsyndan çykýan buglaryň hemmesini sorup alýar we barometriki kondensatorynda buglaryň has köp mukdaryny kondensirlemeli bolýar.

Farhat IMAMKULYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:36 am, Nov 24, 2024
temperature icon 9°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1016 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Siz muny bilýärmisiňiz?!

Next Story

Pikiň keselinde döreýän akyl kemisligi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop