Pikiň keseli beýniniň atrofiki hadysalary bilen geçýän, akyl kemisligine eltýän özboluşly keseldir. Pikiň keselinde döreýän akyl peselmesiniň ýygjamlygy Alsgeýmeriň keselinden 4-5 esse köp duşýanlygy baradaky maglumatlar bar. Şu kesel bilen ejir çekýänleriň arasynda aýallaryň biraz känligine garamazdan, şeýle agdyklygyň durmuşdaky ähmiýeti kän bir uly däl.
Etiologiýasy we patomorfologiýasy. Atrofiki hadysalaryň ulgamlaryny döredýän sebäpleriň kesgitlenilişiniň kynlygy ýaly, Pikiň keseliniň döreýşem heniz doly anyklanylmanlygynda galýar. Pikiň keseliniň döreýşine nesil yzarlaýşyň dahyllygy baradaky gapma-garşylykly pikirlerem ýok däl. Ýöne Pikiň keselindäki beýni patologiýasynyň ösmegi babatdaky pikirlerde öýjük derejesindäki genetiki hadysalaryň bozulmalaryny, şonuň netijesinde-de madda çalşyga ilkinji nobatda-da, protein sinteziniň özgerdilmegine uly orun berilýär. Proteinleriň funksiýasynyň ýetmezçiliginiň netijesinde mikroelementleriň transportirlenmesi we fermentleriň sintezi bozulýar. Pikiň keselinde beýniniň käbir sebitlerinde sinkiň mukdarynyň köpelenligi ýüze çykarylyp, onuň bilen hem öýjükdäki energiýa çalşygynyň bozulmasy, neýrotransmitterleriň we reseptorlaryň funksiýalarynyň özgermesi bilen baglanyşdyrylýar. Gistologiki taýdan beýniniň maňlaý, seýreg-räk çekge bölümlerinde güýçli atrofiýanyň geçmeginiň usti açylyp, beýni üstü-niň atrofiýadan zeperlenen ýerleri gataňsylanylmagy we gasynlar baglanlygy bilen tapawutlanýar. Atrofiýa, diňe beýniniň daşky gabygyny zeperlemän, eýsem onuň astynda ýerleşýän ak maddasyny hem zaýalaýar, ol hem beýniniň çal we ak maddasynyň aralygyndaky çäklendirilmäniň mümkinçiligini ýitirip, olaryň biri-birinden aýyl-saýyl edip, tapawutlandyrylmasyny kynlaşdyrýar. Parenhimanyň (bedeniň haýsydyr bir agzasynyň ýumşak dokumasy) zeperlenip, ýuwaş-ýuwaşdanam ýok edilmegi bilen bir hatarda süýümli gliýanyň (birleşdiriji nerw dokumasynyň) has ösmegi, lipofussiniň çöküp toplanmasy, aýry ýagdaýlarda suwuklygyň jemlenip üýşmesi ýaly hadysalaram bolup geçýär. Köplenç halatda, atrofiýa beýniniň daşky gabygynyň iň üstünde (ýokary üç hatarynda) geçip, adatça, şolardan aşakda ýerleşýänleriň käbiri zeperlenmän, belli bir derejede abatlygyna saklanylýar.
Klinikasy. Kesel 50-70 ýaş aralykdakylarda döreýär. Başlangyjy 55-58 ýaş. Keseliň geçişiniň möhletiniň uzaklygy ortaça hasapdan alnanda alty ýyla çekýän, hut şu ýagdaýam Pikiň keseline uçranlaryň beýnisinde dörän atrofiki hadysanyň Alsgeýmeriň keseline garanyňda has tiz geçýändigini aňladýar.
Adatça, kesel ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykýar. Pikiň keseli-de demensiýa häsiýetli bolup, şuny gartaşan döwrüň (presenil) kemakyllygynyň beýleki görnüşlerinde tapawutlandyrýan aýratynlyklary keseliň başlangyç tapgyrlarynda ýüze çykyp, ýuwaşlyk bilen bildirip başlaýar. Şolar ilkinji nobatda keseliň kliniki keşbinde ýüze çykýan şahsyň çuňňur özgermesi, akyl-paýhas işiniň has çylşyrymlylarynyň gowşama alamatlarynyň uzak möhletiň dowamynda saklanmagy bilen häsiýetlenýär.
Akyl-paýhasyň «hünärmenlik serişdeleri» diýilýän funksiýalary, şeýle-de ýatkeşlik, üns ugurtapyjylyk we psihiki işiň awtomatizirleşdirilen görnüşleri, meselem, hasap çykaryp bilmek we ş.m. az derejede bozulýar.
Ýöriteleşdirilen has ýokary hem çylşyrymlaşdyrylan şahsy aragatnaşyklar bilen maksada laýyk gönükdirilenlik bozulyp, ilkinji nobatda näsagyň gylyk-häsiýetleriniň özgermesi ýüze çykýar. Şonuň bilen bir hatarda-da oýlanyşyň önjeýliligidir çeýeligi ýuwaş-ýuwaşdan peselip, bolup geçýän täze zatlary aňşyryp, şolara dogry düşünmek we has çylşyrymly, inçeden nepis zatlaradyr ýagdaýlara tankydy garaýyşly çemeleşip bahalandyryp bilmek, pikirlenişiň we yzygiderli tertipde goýluşyň, belli bir netije çykarýan pikire gelinme, pikirleri jemläp umumylaşdyrma hem-de gaýry akylly-başly, paýhasly işleridir hereketleri amala aşyrma ukyplary ýitirilýär. Başgaça aýdylanda, Pikiň keselinde göýä kemakyllygyň ösmeginde akyl-paýhasyň, düşünjeleriň ýoýulmasy «ýokardan aşaklygyna» peselip, has çylşyrymlydyr inçelerinden we ýöriteleşdirilenlerinden başlanyp, soňra ýöntemräk hem awtomatizirleşdirilen (adaty endiklere öwrülenlerinden) sadalary saklanyp galýar.
Nurana KURBANOWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
43-njy orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy